BAÝDAGYŇ BELENTDIR DÜNÝÄŇ ÖŇÜNDE

25-12-25

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasaty diňe bir halkymyzyň, ata Watanymyzyň gülläp ösüşine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat bähbitlerini üpjün etmegi nazarlaýar. Munuň özi ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagyna, şan-şöhratynyň barha artmagyna ýardam edýär. Ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň çykyş edip, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hemme taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerinden ugur alýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýiniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşmagy ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açdy.

Ýurdumyzyň gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde özboluşly daşary syýasaty amala aşyrmak bilen, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine hem-de “Açyk gapylar” syýasatyna esaslanýan başlangyçlary diňe bir türkmen halkynyň parahatçylygyna, asudalygyna, berkararlygyna gönükdirilmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde-de uly ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe süren wajyp teklipdir başlangyçlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan bu sessiýanyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlykda hem-de sebitiň ýurtlarynyň, beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara institutlaryň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa - parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi teklip etdi. Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gatnaşmak, onuň ulag we energetika ýaly esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu mesele boýunça Türkmenistanyň adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamyny döretmäge ýardam bermegini dowam etdirjekdigini belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýakynda Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu saparyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglanmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatynyň, asylly ýörelgeleriniň halkara derejesinde goldanylýandygyny ýene bir gezek aýan etdi. Hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetini, syýasatyny, medeniýetini, ylym-bilim ulgamyny, saglygy goraýşy we sporty, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini sazlaşykly hem durnukly ösdürmäge uly ýardam edýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy esasynda ýurdumyz Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent abraýa eýe boldy. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasatynyň esasyny düzýär. Ol hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary bilen has-da ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän, Ýer ýüzünde parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrmak ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Mähri ANNABERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmancylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.