Hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesine eýerip

26-12-25

Hemişelik Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýurdumyz GDA-nyň giňişliginde ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyna aýratyn üns berýär. Bütindünýä durnukly ulag gününi yglan etmek baradaky başlangyjy öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäklerinden geçýän Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň Hazar deňzi sebitini kuwwatly ulag merkezine öwürmek boýunça başlangyçlary dostlukly döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, harytlary Günorta Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna çykarmaga ýardam berýär.

Ynsanperwer we ekologiýa ulgamlary hem Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz Aral meselesini çözmäge işjeň gatnaşyp, «ýaşyl» diplomatiýa, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň şäherleriniň birnäçe gezek «Arkalaşygyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bolsa Türkmenistanyň özara hormat goýmak, umumy taryhy mirasy gorap saklamak arkaly halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrýandygyny, medeniýetara dialoga açykdygyny görkezýär.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak we köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn dialog hil taýdan täze derejä çykaryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýurdumyza amala aşyran sapary iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklan ähmiýetli waka boldy.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ulag-logistika hyzmatdaşlygy hem strategik ähmiýete eýe. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän ýurdumyz bu günki gün Ýewraziýanyň üstaşyr ulag merkezine öwrülýär. Demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek, logistikany sanlylaşdyrmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalar GDA ýurtlaryna Hind ummany we Pars aýlagy ýurtlarynyň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Bu hyzmatdaşlyk sebitiň geografik artykmaçlyklaryny ykdysady abadançylygyň anyk guralyna öwürýär. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklaryny birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär. Şunda ylym we bilim ulgamlaryna aýratyn orun degişlidir.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlyk ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Russiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli goldap, onuň Merkezi Aziýada durnuklylygy pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde eýeleýän möhüm ornuny ykrar edýär.

Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.

Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine syn berildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Prezident Wladimir Putin 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzy gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň güwäsidir. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmagy ýurdumyzyň açyk we özara hormat goýmak dialogyna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hoşniýetli goňşuçylyk we ynanyşmak ýörelgesine ygrarly mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.