DIL ÖWRENMEK DERWAÝYS MESELE
29-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Şeýle hem, ýuirdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak - bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär.
Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Biziň esasy wezipämiz - öz halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini kemala getirmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki halkara ylmy maslahatlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmak bilen, daşary ýurtlardaky türkmen kompaniýalarynda ýa-da ýurdumyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynda we beýlekilerde işlemek bilen dürli ugurly geljekki hünärmenler halkara guramalarda ýurdumyza wekilçilik ederler.”
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň ylymly-bilimli, ökde hünärmen ýaşlara bil baglap, ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda, şol sanda, orta mekdeplerde hem “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak üçin uly işler alnyp barylýar. Munuň özi, daşary ýurt dillerini, şol sanda iňlis dilini suwara bilýän ökde ýaş nesli taýýarlamaga oňyn täsirini ýetirýär. Biziň ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebäp usullaryny peýdalanmak bilen, ýäşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça-da tagallalar edilýär.
Häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlarynda gazanylýan öňe gidişlikler, täze-täze ylmy açyşlar bütindünýä Internet ulgamynda iňlis, rus we beýleki daşary ýurt dillerinde çap edilýär. Şeýle ylmy-jemgyýetçilik şertlerde ol dilleri birkemsiz öwrenmek gutulgysyzdyr. Bu bolsa ýaşlaryň öz gezeginde, olaryň özbaşdak taýýarlanmak derejelerini artmagyna, käbir düşünjedir adalgalara has içgin düşünmegine ýardam berýär. Biz hem, okuw derslerimizde häzirki zaman ösen tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, dürli görkezme esbaplary, wideofilmleri, audio ýazgylary ulanmagymyz okuwçylaryň özleşdirilýän temalarynyň hiline oňyn täsir edýär. Şeýle çemeleşme okuw sapaklaryň täsiredijiligini, ýatda galyjylygyny, özleşdirilýän derse bolan gyzyklanmany döredýär.
Bularyň hemmesi ýaşlarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge we öz mähriban watanymyz Türkmenistana, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan söýgini döredýär. Bu gün dünýä bize garaýar, türkmen ýoly dünýä çykýar. Türkmen ýaşlary eşretli eýýamyň gujagynda ýaşap, ýüregini buýsanja, dillerini joşguna besleýär. Bu günki günde şanly ýurt Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň we parahatsöýüjilikli syýasatymyzyň astynda dost-doganlyk dillerimizi hasam anyk öwrenip, ýaş nesilleriň dil taýýarlygyny pugtalandyrmakda yhlasly zähmet çekýäris. Daşary ýurt dilleri boýunça sowatlylygy ösdürmäge we hünärimizi kämilleşdirmäge döredip berýän ummasyz mümkinçilikleri üçin, dünýä içre ykrar edilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Hezret SERDAROW,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 12 "A" synp okuwçysy.
Halypa mugallymy: Dilnaz SERDAROWA,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 9-njy orta mekdep iňlis dili mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.