Arassa howa – sagdynlygyň girewi

30-12-25

Arassa howa adamyň saglygyna ömürboýy täsir edip, onuň hemişe janynyň sag, ruhubelent ýaşamagyna hemaýat edýär. Munuň üçin daşarda gezim etmegiň uly ähmiýeti bar. Arassa howanyň saglyga peýdasy kändir. Günde birnäçe gezek otaglaryň howasyny çalşyp durmaly, arassa howada gezelenç etmeli. Arassa howada gezelenjiň uly ähmiýeti bar. 

Bag töwerege gözellik goşmak bilen, howanyň tämizligine oňaýly täsirini ýetirýär. Bag ekilen ýaşyl zolaklar arassa, tämiz howa gurşawuny emele getirýär. Bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Halkymyz irki döwürlerden bäri bag ekmegi parz iş hasaplapdyr. Bag durmuşyň, ýaşaýşyň bezegidir. Ýurdumyzda bu babatda durmuşa geçirilýän işler giň gerime eýedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzda we welaýatlarda tokaý zolaklaryny döretmek işlerine aýratyn uly üns berilýär. Ekologiýa medeniýetiniň artdyrylmagynda uly ähmiýete eýe bolan köpçülikleýin bag ekmeklik eziz Diýarymyzda döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Mälim bolşy ýaly, bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi alnyp barylýan işleriň älem içre belent ykrarnama eýe bolýandygyny görkezdi.

Howa wannasy adamyň bedenine yssy-sowukly owkalamak arkaly ýakymly täsir edýär. Deriniň gatamagy endamyň hereketini we maddalaryň alyş-çalşygyny üýtgedýär. Bu adamyň birden howasynyň çalyşmagy ýa-da ýel gapmagy bilen baglydyr. Bulardan başga-da, doýgun duzly deňiz howasy derä oňaýly täsir edýär. Çemenli we tokaýly ýerleriň howasy özüniň baý fotosintezi, ýagny hoşboý ysly ösümlikleri, arassa howa witaminleri bilen diňe dem alşa ýakymly bolman, eýsem, deri arkaly arassalanyp, bütin bedene oňaýly täsirini ýetirýär.

Galyň we owadan eşik geýmek adamyň endigine öwrülenem bolsa, saglyk üçin pasla görä geýinmek maslahat berilýär. Beden maşklary ýerine ýetirilende galyň geýinmegiň zerurlygy ýok. Arassa howanyň adam bedenine ýetirýän täsiri uludyr. Maşk etmek her pasylda hem saglyk üçin peýdalydyr. Emma howanyň maýlaýan şu günlerinde açyk howada sport bilen meşgullanmak we maşk etmek ähmiýetlidir. Maşkyň diňe fiziki däl, eýsem, ruhy saglyga hem peýdasy bar. Daşardaky howa has arassa bolýar. Açyk howada 20 minutlyk maşkyň berýän energiýasynyň bir käse kofeniňkä barabardygy bellenilýär. Daşardaky hereket adamy ýadatmaýar. Jaýyň içindäki ylgalýan enjamda ýöränden ýa-da pedal aýlandan daşarda ýöremek, şeýle hem welosiped sürmek has peýdalydyr. Bu adamyň şähdini hem açýar. Şeýle hem açyk howada öwüsýän ýeliň täsiri damarlary herekete getirýär.

Agaçlaryň arasynda hereket etmek, guşlaryň sesini eşitmek hem adamy rahatlandyrýar. Mundan başga-da, geçirilen barlaglaryň netijesinde, ösümlikler özlerini kömeleklerden, mör-möjeklerden goramak üçin himiki birleşmeleri bölüp çykarýar. Howadaky bu himiki birleşmeler adamyň immunitetiniň güýçlendirýär. Daşarda gezmek bedeniň D witaminini kabul etmegi üçin hem ähmiýetlidir. Şeýle hem açyk howada maşk eden adam rahat uklaýar. Her gün şol bir ýerde maşk etmek adamy ýadadýar. Bu bolsa, sporta bolan höwesiazaldýar. Emma seýilgählerde ýöremek, welosiped sürmek ýa-da maşk edilýän enjamlardan peýdalanmak sporta bolan höwesi artdyrýar.

Adamyň gündelik durmuşy we ýaşaýşy howa ýagdaýlary bilen berk baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgemegi adamyň ýaşaýşyna uly täsir edýär. Şonuň üçin hem howa ýagdaýyny öňünden bilmeklik zerur bolup durýar. Aşa yssy howa bedene ýaramaz täsirini ýetirýär. Iýmit özleşdirilende bedende energiýa bölünip çykýar. Şol energiýanyň bir bölegini beden synalaryň işlemegi üçin sarp edýär. Howa aşa yssy bolanda energiýanyň bedenden çykarylmagy belli bir derejede haýallaýar we bedeniň goranyş ukyby gowşaýar. Netijede bedene ýokanç keseller aňsat aralaşýar we immuniteti hem peselýär.

Ýaşaýyş jaýlarynyň hem howasynyň gyzgynlygy näçe ýokary bolsa, şonça-da çyglylyk peselýär. Ondan başga-da ýaşalýan otagyň gyzgyn bolmaklygy, adamda kellagyrynyň we gaharjaňlyk duýgusynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Madda çalşygy dyngysyz geçip durýandygy üçin adam gije-gündiz dem alýar. Dem alnanda howa dem alyş ýollary arkaly öýkene barýar. Islendik ýagdaýda beden öýkenden howa talap edýär. Şonuň üçin öýken howanyň arassalygyna ýa-da hapalygyna seretmezden, ony sorup alýar. Dem alnan howada tozan bölejikleri bar bolsa, onda olar dem alyş ýollarynyň diwarlaryna ýelmeşip, köp wagtlap saklanýarlar. Bu bolsa adamyň ýaşaýşyna erbet täsir edýär. Şeýle-de nebit, gaz we zir-zibilleriň köp ýakylmagy hem howanyň düzümini hapalaýar. Ýangyç ýakylanda emele gelýän ugar gazy hem howada kömürturşy gazyna öwrülýär. Bu bolsa dem alyş synalary üçin zyýanly bolup, olaryň işleýşini gowşadýar.

Häzirki wagtda senagatyň ösmegi, tehnologiýalaryň artmagy, awtomobilleriň köpelmegi howanyň hapalanmagynda esasy sebäpleriň biridir. Hasaplamalara görä, bir awtomobil her ýylda ortaça 297 kg uglewodorod, 10 kg azod okisini, 2 kg tozan, 0,5 kg gurşunyň birleşmelerini bölüp çykarýar. Bir awtomobil 1000 km ýol geçende, onuň sarp edýän kislorody bir adamyň bir ýylda harçlaýan kislorodyna deňdir. 5 düýp agaç ekmeklik bir adamy kislorod bilen üpjün etmekde ýaramlydyr. Alymlaryň aýtmagyna görä, 10 mln düýp agaç ekip ýetişdirmeklik howadaky kömürturşy gazyny 5% çenli azaldýar. Şol sebäpden hem bag ekmek boýunça alnyp barylýan çäreler möhüm häsiýete eýe bolup, ol arassa howanyň girewidir. Arassa howa bolsa sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň çeşmesidir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjegini bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Maýa KAKAGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.