Täze ýyl — täze üstünliklere badalga
30-12-25
Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja günlerden agzybirlikde we jebislikde uly şatlyk-şowhun, dabara bilen täze — 2026-njy ýyly garşylar. Şoňa görä-de, ýakynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň, asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşmagy bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr».
Täze ýyl baýramynyň bosagasynda «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde giň möçberli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň mizemez jebisliginiň, abadançylygynyň nyşany bolan, depesi «2026» ýazgyly, sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arça daş-töwerege ýalkym saçýar. Şoňa görä-de, paýtagtymyzdan, Arkadag şäherinden, ähli welaýatlardan gelen ýaşajyk ildeşlerimiz üçin Aşgabat täsinlikler dünýäsine öwrüldi. Arçany bezeýän oýnawaçlaryň öwüşginleri, dürli reňkli çyralardyr bezegler ýagty geljege ynam döredýän ägirt uly baýramçylygyň buşlukçysy boldy. Erteki gahrymanlarynyň keşbini janlandyran çagalaryň şatlyk-şowhuny meýdançany açyk asmanyň astyndaky teatr sahnasyna öwürdi.
Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda döwlet Baştutanymyz çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýazbaba hem-de Garpamyk, ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyran körpeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Körpeleriň çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, ýaş aýdymçylaryň, çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly kompozisiýalary hemmelere Täze ýyl şatlygyny paýlady. Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň geljegi bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.
Uly şatlyk-şowhun bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Ýylanyň we ýylkynyň keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Hormatly Prezidentimiz körpe nesliň wekilleri bilen bilelikde dostlugy, parahatçylygy, bitewüligi, jebisligi alamatlandyrýan bu baýramçylygyň şatlygyny paýlaşdy. Şeýle hem dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşan bagtyýar çagalara Täze ýyly şadyýan garşylamagy, ajaýyp gyşky dynç alşy, okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalynda Täze ýyl şüweleňi dowam etdi. Baýramçylyk dabarasyna döwlet Baştutanymyz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri çagalary bilen gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, folklor-tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan ruhubelent aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çagalaryň baýramçylyk mynasybetli dürli dillerde ýerine ýetiren goşgulary dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle hem birnäçe aýdymçylar, döwlet derejesindäki bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.
Tomaşaçylar ýurdumyzyň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olaryň çykyşlary ýygnananlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik işgärleri täsin galdyryjy çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döretdi. Ýaşajyk zehinler hem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler. Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara gatnaşan bagtyýar çagalara sowgatlar gowşuryldy we süýjülik torty hödürlenildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dabaralara gatnaşmagy ýaş nesilleriň abadançylygy we olaryň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny tassyklady. Şeýle hem ruhubelentlik ýagdaýynda geçen baýramçylyk çäreleri ýetip gelýän 2026-njy ýylyň — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň uly üstünliklere beslenjekdigini alamatlandyrdy. Çünki bedew atlarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň belent ösüşleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Goý, Täze 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bagtyýar halkymyz üçin täze ýeňişleriň we üstünlikleriň, belent sepgitleriň hem-de ösüşleriň, bolelin durmuşyň, rysgal-bereketiň, toý-baýramçylyklaryň ýyly bolsun! Halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Şöhrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.