Saglyk – ömrümiziň soltany

12-10-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasaty bilen has dabaralanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň eşretli we sapaly durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bu Maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň işi düýpgöter täze derejelere çykdy. Amaly we nazary lukmançylygyň ylmy esasda ösdürilmegi bilen, ulgamyň işine öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda raýatlaryň saglygyny dikeltmek, ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek babatda uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitap saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynda ýurdumyzyň we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin sowgat boldy. Kitabyň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.

Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam eder. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Hormatly Arkadagymyzyň Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döreden “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly eseriniň nobatdaky jildi hem ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we Ösüş maksatnamasy bilen gatnaşyklary täze derejelere çykarýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerde innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar raýatlarymyza döwrebap hyzmat edýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda häzirki zaman kliniki, ylmy-kliniki merkezleriň, saglyk öýleriniň täze binalary gurulýar. Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe täze döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy dowam etdirilip, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. 

Häzirki zaman lukmançylygynyň gazananlarynyň durmuşa geçirilmegi, keselleriň dessin ýüze çykarylmagy, netijeli bejeriş hyzmatlarynyň üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyz Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem meşhur “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagynyň ähmiýeti bellenildi. Nygtalyşy ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap ösüşine itergi boljak bu düzümleriň her biri gaýtalanmajak jemgyýetçilik-durmuş we innowasion aýratynlyklara eýedir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ekologik taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän çig mal binýady bolan Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleri öndürilip başlandy. Lukmançylyk klasteri lukmançylyk kömegini ýokary derejede dolandyrmagyň innowasion usulydyr. Ol derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny we serişdelerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda bilim bermäge, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň gowy dünýä tejribelerini ulanmak arkaly, ylmy işleri geçirmäge, diňe içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenendir. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň güwänamalaşdyryş ulgamy tarapyndan «Hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň» berilmegi onda öndürilýän önümleriň ýokary hilini kepillendirdi.

Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini bellemek möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde ýurdumyzda çylşyrymly operasiýalaryň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýaş nesilleriň saglygyny dikeltmekde gaznanyň howandarlygynda alnyp barylýan işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Gysga wagtyň dowamynda müňlerçe çaganyň saglygynyň dikeldilmegi, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna saglygy goraýyş edaralaryna döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň gowşurylmagy diýseň buýsandyryjydyr. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýok.

Bazar HALMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.