Saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudagy
04-01-26
Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, ilatyň ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu möhüm meselä hormatly Prezidentimiz ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde saglygy goraýyş ulgamy düýpli ösüşlere beslendi. Iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezlerinde keselleri anyklamak we ýokary derejede bejermek işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi barha giňden ornaşýar. Bu bolsa her bir adamyň öz saglygy barada ýakyndan alada edýändiginden habar berýär.
Sagdyn durmuşy, saglygy goramagy ýaşaýşyň özeni hasaplaýan pederlerimiz bu babatda ençeme pähimleri döredipdirler. «Saglygym — begligim», «Baýlygyň sakasy — saglyk», «Iýeniň — az, saglygyň — saz» ýaly pähimler sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdumyzda asyrlarboýy dowam edip gelýändigini subut edýär. Bu asylly ýörelge häzirki ajaýyp zamanamyzda has-da rowaçlyklara beslenýär.
Halkyň saglygy ýurduň baş baýlygydyr. Saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek, ilata öňdebaryjy tejribelere esaslanýan ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek, keselleriň öňüni almak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň özenini düzýär. Bu maksatnamanyň çäginde kabul edilen çözgütleriň esasynda ata Watanymyz bu günki gün sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleri, hassahanalar, merkezler adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridiginiň aýdyň nyşanydyr. Saglygy goramakda we berkitmekde täsin tebigy şertleri özünde jemleýän gojaman Hazar deňziniň türkmen kenarynyň mümkinçilikleri barada aýratyn belläsim gelýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel keşbi, deňziň jana şypaly howasy kalbyňa melhem bolup ornaýar. Bu ýerler halkymyzyň zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmagynyň iň ýokary derejesi bolup hyzmat edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Diýarymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünliklere ýetildi. «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» we bu maksatnamany amala aşyrmak üçin ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda şypahana ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny dikeltmek esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Watanymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamakda, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyryp, halkyň, geljekki nesillerimiziň bagtyýar, asuda, parahat durmuşda ýaşamaklary ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar.
Täsin tebigatly künjeklerde, melhem suwly çeşmeleriň golaýynda ajaýyp binagärlik keşbine eýe bolan, iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalarda raýatlarymyz öz saglyklaryny dikeldýärler. Täze şypahanalar gurlup, bar bolanlarynyň durky täzelenip, olar dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Şypahanalaryň her biri öz tebigy aýratynlygy bilen dürli dertlere melhemdir. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat», «Awaza», «Mollagara», «Baýramaly», «Farap», «Daşoguz» we «Berzeňňi» şypahanalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň ählisinde anyklaýyş, bejeriş, barlaghana bölümleri bolup, olar adamlaryň keselleriniň öňüni almaga, saglyklaryny dikeltmäge ýardam edýärler.
Her biriniň öz aýratynlygy, bejeriş usuly, duzy, palçygy, mineral suwy bardyr. Ýylyň islendik möwsüminde şypahanalarda bejergi almaga, saglygyňy dikeltmäge ähli mümkinçilik döredilendir. Mundan başga-da, şypahanalarda ýörite fitobarlar bolup, olarda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan dürli görnüşli melhemlik çaýlary raýatlarymyza bejergi almakda we saglygyny dikelmekde uly ýardam berýär.
Adam we onuň saglygy hakdaky aladany ilkinji orunda goýýan, durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglyk ulgamynyň hem ösmegi, kämilleşmegi ugrunda tutumly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.