Sagdyn durmuş – bagtyýar ýaşaýyş
04-01-26
Sagdyn durmuş adamyň bagtyýar ýaşaýşynyň özenidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy dünýä tejribesi esasynda ilatyň saglygyny goramakda düýpli özgertmelere badalga berdi.
Sagdyn durmuş ýörelgesi zähmetiň we dynç alşyň dogry düzgünlerini, ýeterlik fiziki hereketleri, dogry iýmitlenmegi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegini öz içine alýar hem-de zyýanly endiklerden saplaýar. Dünýä belli alymlaryň geçiren barlaglarynyň, ylmy işleriniň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýedi basgançagy aýan edildi.
Ilki bilen sagdyn iýmitlenmek, adamyň güýç-kuwwatyny artdyrýan, beýnini ösdürýän iýmitleri iýmek maslahat berilýär. Gündelik iýmitiň düzümine noýba, nohut, et, ýumurtga, süýt, gatyk, peýnir, tüwi, kartoşka, käşir, kelem, gök önümler, ter miweler, gök otlar girýär. Witaminlere baý, ýokumly, täze taýýarlanan naharlary iýmek bedeni her hili ýokanç kesellerden goraýar. Gereginden artyk iýmek, iýmiti dogry saýlap bilmezlik, aşa köp suwuklyk içmek, nädogry iýmitlenmek, süýjili iýmitleri köp iýmek saglyk üçin zyýanlydyr. Iýmit iýlende, mümkin boldugyndan yzygiderli, belli bir wagtda, howlukman güniň dowamynda 3 – 5 wagtyna aşa doýman naharlanmak maslahat berilýär. Nädogry iýmitlenmek adam saglygy üçin zyýanlydyr.
Adam bedeniniň sagdynlygyny, syrdamlygyny saklamakda beden maşklarynyň ähmiýeti hem örän uly bolup, fiziki işjeňligi, saglygy berkidýär. Az hereketlilik dürli näsazlyklara getirip biler. Saglygyny berkitmek üçin her bir adam ýaşyna seretmezden, ertir-agşam arassa howada ýönekeý maşklary ýerine ýetirip, bedeni berkidip biler.
Zähmeti we dynç alşy gezekleşdirmek, işjeň dynç alyş hemişe peýdalydyr. Onuň üçin dynç alyş günlerini we zähmet rugsadyny dogry peýdalanmak gerekdir. Geçirilen ylmy barlaglar köp pyýada ýöreýän adamlaryň arasynda işemiýa keseliniň az gabat gelýändigini görkezdi.
Zyýanly endikler hem saglyga we ömrüň dowamlylygyna ýaramaz täsir edip, diňe bir ynsan saglygyna zyýan bermän, eýsem, olary ulanýanlaryň daş-töweregindäki adamlara hem ýaramaz täsirini ýetirýär.
Ähli ýagdaýlarda arassaçylygyň düzgünlerini berk berjaý etmek zerurdyr. Saglygyň sakasynda arassaçylyk bardyr. Sebäbi kesel döredijiler hapa elleriň, dyrnaklaryň, gowy ýuwulmadyk miweleriň, ir-iýmişleriň üsti bilen geçip bilýändir. Ilki bilen şahsy arassaçylygyň düzgünlerini pugta berjaý etmelidir.
Kadaly uky tebigatyň eçilen ajaýyplyklarynyň biridir. Şonuň üçin esasy zat her bir adam belli bir wagtda ýatyp-turmagy endik edinmelidir. Uly adamlar gije 6 – 8 sagat uklap, dynç almalydyr. Nerw keselleriniň professory Pýer Dýubuanyň aýdan şeýle sözlerini unutmaly däldir: «Ukyň yzyndan kowalap ýetmeli däl-de, ony gelen wagty tutmany başarmaly, ýogsa ol şeýle çalt uçýandyr».
Saglygy gorap saklamak we berkitmek üçin, ýylda bir gezek lukmanyň maslahaty boýunça degişli barlaglardan geçmek wajypdyr. Her bir raýatyň ýylda bir gezek hünärmen lukmanlaryň gözegçiliklerinden we degişli barlaglaryndan geçmegi birnäçe keselleriň ir ýüze çykarylmagyna we onuň şowly netijeler bilen öňüniň alynmagyna uly ýardam berer. Saglyk ömrüň dowamynda örän ünsli alada bilen seredilmegine mätäç gymmatlykdyr.
Bu gün ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent, belent adamkärçilikli, ylymly-bilimli, hünär taýdan kämil bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalar edilýär. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Sonagül DÖWLETOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.