Ynsan saglygy — döwletiň baş aladasy
05-01-26
Ynsan saglygy ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň jan saglygy netijesinde döredijilikli zähmet ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Şunda kadaly iýmitlenmek, arassa howa we bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli amal etmek hem-de sport bilen meşgullanmak jan saglygynyň girewidir.
Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, lukmançylyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Bu bolsa saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine giň ýol açýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş meýilnamalary boýunça welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň alnyp barylýan gurluşygy halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda dikuçarda aýlanyp, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurluşyklary dowam edýän we abatlaýyş işleri geçirilýän saglyk merkezleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Hususan-da, Milli Liderimiziň Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň, Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň we bu ugurdan bilim alýan talyplaryň tejribe toplamagynda möhüm ähmiýeti bolan okuw-usulyýet merkezleriniň taslamalaryny taýýarlamak we olaryň gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmek babatda beren maslahatlary, aýratyn-da, hormatly Arkadagymyzyň sazlaşykly ösýän “Parahat” ýaşaýyş toplumynyň çäginde täze saglyk öýüni, “Tiz kömek” gullugynyň şahamçasyny gurmak boýunça degişli taslamalary taýýarlamak barada öňe süren başlangyçlary bellenmäge mynasypdyr.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, keselleriň öňüni almak boýunça döwlet tarapyndan amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler oňyn netijelerini berýär. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has bähbitlidigi baradaky sözlerini mysal getirdiler. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, 2015-nji ýylda bolsa onuň rejelenen görnüşi kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň goralmagyna, keselleriň öňüniň alynmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.
Ýeri gelende, häzirki wagtda lukmançylygyň ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň, olary bejermegiň öňdebaryjy usullarynyň amaly lukmançylyga ornaşdyrylýandygyny, şunda ösen sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýandygyny bellemek gerek. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň yzygiderli amala aşyrylmagy bolsa halk bähbitli işleriň oňyn netijesidir.
Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Maýa MYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kadaly fiziologiýa kafedrasynyň müdiri.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.