«Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çirilýär

13-10-26

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, yn­san öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak ug­run­da ýur­du­myz­da giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Di­ýa­ry­myz­da ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, adam­la­ryň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­ma­ga hem-de jem­gy­ýe­tiň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty iş­jeň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Häzirki zaman lukmançylygynyň gazananlarynyň durmuşa geçirilmegi, keselleriň dessin ýüze çykarylmagy, netijeli bejeriş hyzmatlarynyň üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyz Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem meşhur “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagynyň ähmiýeti bellenildi. Nygtalyşy ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap ösüşine itergi boljak bu düzümleriň her biri gaýtalanmajak jemgyýetçilik-durmuş we innowasion aýratynlyklara eýedir.

Hä­zir­ki wagt­da «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýo­la go­ýan be­ýik iş­le­ri­ni my­na­syp do­wam ed­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len hal­ky­my­zyň sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy äh­li zat­dan ile­ri tu­tu­lyp, her bir ra­ýa­tyň sag­ly­gy­nyň go­rag­ly­ly­gy­ny güýç­len­dir­mek, ömür do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da dün­ýä nus­ga­lyk iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ke­rem­li top­ra­gy­myz­da ös­ýän ösüm­lik­le­riň yn­san sag­ly­gy­na peý­da­ly mel­hem­lik hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­ýän «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­tap­la­ry di­ňe bir luk­man­la­ryň ýan­ki­ta­by bol­man, eý­sem, halk köp­çü­li­gi üçin hem gym­mat­ly gol­lan­ma öw­rül­di. Bu aja­ýyp ki­tap­lar ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­lar­bo­ýy kä­mil­leş­di­rip, türk­me­niň mil­li gym­mat­ly­gy­na öw­ren halk luk­man­çy­ly­gy­ny, te­bi­gy mel­hem­ler ba­bat­da­ky ga­ra­ýyş­la­ry­ny dün­ýä ýaý­dy.

Tä­ze luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry, der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gur­lup, sag­ly­gy go­raý­şyň mil­li nus­ga­sy dö­re­dil­di. Al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ha­ta­ryn­da döw­re­bap sag­lyk öý­le­ri­niň, anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri­niň, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň hal­ka hyz­mat et­me­gi ba­bat­da­ky dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry, bar­lag­ha­na­lar we beý­le­ki ze­rur bo­lan teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry ke­sel­le­ri anyk­la­mak­da, be­je­riş-öňü­ni alyş iş­le­ri­ni ge­çir­mek­de, ama­ly we yl­my-bar­lag hem-de tej­ri­be-önüm­çi­lik we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mek­de öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Türk­men hal­ky bu gün bag­ty­ýar er­ti­ri­ne uza­ýan ak ýo­lu­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik ýö­rel­ge­le­rin­de gör­ýär. Hal­ky­myz bu gün ösü­şiň da­ba­ra­lan­ýan ýur­dun­da ýa­şa­ýan­dy­gy­na tüýs ýü­rek­den buý­san­ýar. Şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik, ag­zy­bir­lik, yn­san­per­wer­lik, dost-do­gan­lyk ýa­ly ýö­rel­ge­le­ri­miz tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de bar­ha ro­waç­lan­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li be­ýik iş­le­ri­niň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gin­de giň­den gol­da­nyl­ma­gy mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny mi­ze­mez ýö­rel­ge edin­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa ag­zy­bir hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bir­lik­de, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan üç ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­ne gy­şar­nyk­syz eýer­ýän­li­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ýaş nesilleriň saglygyny goramak babatda-da giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan uly tagallalar edilýär. Milli Liderimiziň häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ynsanperwerligi has dabaralandyran beýik başlangyjy esasynda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň halkymyzyň çagany hemmetaraplaýyn mähir-alada we söýgi bilen gurşap almak ýaly gadymdan gelýän ynsanperwer däpleri bar.

Ajaýyp döwrümizde netijeli zähmet çekmek, Watanymyza, halkymyza hyzmat etmek, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmak babatda ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Jennet DÖWLETOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.