Sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda

05-01-26

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil nesilleri kemala getirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, has takygy, 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de kämilleşdirildi. 2015-nji ýylda bolsa maksatnamanyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegine, keselleriň öňüni almaga hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Strategiki häsiýete eýe bolan bu maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesine çykaryldy. Şunda Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň geçirilmegi, gazna tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryna gemodializ enjamlarynyň sowgat berilmegi, täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, ynsan saglygynyň berkidilmegine, çagalaryň sazlaşykly ösüşine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Bular yzygiderli gözegçilikde saklanmaly wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, gecen ýylyň 5-nji iýulynda Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyza we Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzda gurulýan lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary we gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk merkezleriniň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşmagy möhüm waka boldy. Şunda lukman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglyk merkezleriniň işini kämilleşdirmek, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň taslamalary, okuw-ylmy merkezlerde tejribeli lukmanlary taýýarlamak, bu ugry ösdürmek babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamalar barada degerli maslahatlaryny bermegi her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Hususan-da, Milli Liderimiz lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň çäginde Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň gurulmagynyň we toplumyň ýanynda lukmançylyk boýunça bilim berýän mugallymlar, aýratyn-da, ýaş mugallymlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, talyplar üçin bolsa umumyýaşaýyş jaýynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Bu lukmançylyk edaralarynyň bir ýerde ýerleşmegi ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, olaryň lukmançylyk ylmynyň tärlerini we usullaryny özleşdirmeklerine, amaly taýdan tejribe toplamaklaryna oňyn täsirini ýetirer.

Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde» atly maslahatlaryň geçirilmegi, zähmetde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy, Milli Liderimiziň nusgalyk kitaplarynyň, surat we milli saglygy goraýyş önümleriniň sergisiniň, aýdym-sazly medeni çäreleriň guralmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleri bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda nusgalyk işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklaryna, şol sanda milli lukmançylyk ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de ösdürilmegine zerur şertleri döredýär. Goý, saglygy goraýyş ulgamyny barha kämilleşdirmek babatda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Gurbangözel ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.