Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat
05-01-26
Türkmenistan Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ylym-bilimiň orny uludyr. Çünki ähli ösüşler ylym-bilimiň iň täze gazananlary, döwrebap tehnologiýalar bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagy, ylmyň gazananlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy ösüşiň berk binýady hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işi kämil derejede ýola goýulýar. Ylymdyr bilimiň döwrebap ösdürilmegi Türkmenistan döwletimiziň uzak geljeginiň şöhratly döwrüne ak ýol açýar.
Merdana ata-babalarymyz bilimli iliň ozjakdygy hakynda ençeme gyzyldan gymmatly pähimleri döredipdirler. «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okan il ozar» diýlişi ýaly, ençeme nakyllaryň döremegine taryhy döwürleriň durmuş hadysalarynyň sebäp bolandygy hemmämize mälimdir. Aslyýetinde-de, ynsanyň kuwwaty ylym bilen ölçelýär. Türkmeniň keramatly topragy taryhyň dürli döwürlerinde hem ylmyň pajarlap ösen zamanlaryny ýaşaýşa ençeme gezek peşgeş edip, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine öçmejek ýazgy galdyran mekan. Biz muny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryny okanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Bu ajaýyp kitaplarda türkmen halkynyň şöhratly taryhy, alymlary, akyldarlary hakynda gymmatly maglumatlar jemlenendir.
Häzirki wagtda parahatçylygyň we ynanyşmagyň, beýik ösüşleriň mekany hökmünde giňden tanalýan Türkmenistan Watanymyz belent üstünliklere eýe bolýar. Türkmen alymlary, edebiýatçylary, taryhçylary geçmiş mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, şöhratly taryhymyzy ylmy esasda öwrenýärler. Şu ugurda Nusaýda, Merwde, Köneürgençde we beýleki taryhy şäherlerimizde ýaşan alymlaryň ylmy kitaplaryny, ýaşan döwürlerini öwrenýärler. Gündogaryň görnükli alymlary — Muhammet al Horezmi, Abu Aly ibn Sina, Abu Reýhan Biruny, Al Jürjany, As Samany ýaly dünýä ylmynda şöhratly yz galdyran akyldarlar hakyndaky maglumatlar örän ünsüňi çekýär. Häzirki wagtda olaryň döreden eserleri gymmatly çeşme hökmünde dünýäde hem uly gyzyklanma bilen öwrenilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur aladasy bilen türkmen ylym-bilim ulgamy belent üstünliklere eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly türkmen ýaşlary dünýäde geçirilýän bilim bäsleşiklerine gatnaşyp üstünlikli orunlara eýe bolýarlar. Ynha, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurdy. Dünýäde geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlik gazanýan ýaşlarymyz özleriniň watansöýüjiligi bilen köňüllerimizi buýsandyrýar. Şeýle ýaşlarymyzyň, zehinli okuwçylarymyzyň gazanýan üstünligi bilim özgertmeleriniň aýdyň netijesini beýan edýär. Çünki ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak döwletimiziň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi.
Täze taryhy döwürde öz gerimi boýunça bu ugurda juda uly işler bitirildi. Ýurdumyzda ylymdyr bilimiň ygtybarly hukuk binýady döredildi. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem esasy maksatlar we wezipeler kesgitlenildi. Bilim, ylym we ylmyň gazanan ýokary tehnologiýalary boýunça dünýäniň iri halkara guramalary, ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikler döredilip, bu ýurt ähmiýetli işlere kuwwatly itergi berildi.Ylmy-barlag edaralary, ýokary, ýörite orta hünär, orta mekdeplerimiz, önümçilik kärhanalarymyz iň häzirki zaman ösen tehnologiýalar, kompýuterler, multimedia, interaktiw okuw esbaplary we internet ulgamy bilen yzygiderli üpjün edilýär. Elbetde, bu ugurda amal edilýän beýik işleriň ählisiniň bitewilikde tutuş jemgyýetimizi ösdürmäge, şonuň bilen birlikde ylmy hil taýdan täze derejelere ýetirmäge, ylmy barlaglaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilmegi köpçüligiň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine has oňaýly täsir edýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan döwrebap ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmek üçin hormatly Prezidentimiz beýik işleri durmuşa ornaşdyrýar.
Berkarar döwletimizde ylmy we sanly bilim ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gurbangözel ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.