BAGTYÝAR GELJEGIŇ EÝESI ÝAŞLAR
03-08-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ýörelgelerimiz, halkymyzyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlary häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär, ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Şeýle asylly ýörelgeleri, däp-dessurlary ýaş nesillere öwretmek, olaryň bilimli bolmagyny üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine eýerýän ýaşlar watansöýüji, il-güne wepaly nesiller bolup kemala gelýärler.
Ajaýyp zamanada, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde ylymly, bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär. Şunda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, öwrenmek hem-de milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini wagyz etmek arkaly sagdyn, ýokary ahlakly, bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli geçirilip durulýar. Ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmegi ugrunda döwletli işler amala aşyrylýar.
Häzirki ösüşlere beslenýän döwrümizde ýaşlaryň halkymyzyň milli ýörelgelerine, däp-dessurlaryna eýerip, giň dünýägaraýyşly, ylymly, bilimli bolup ýetişmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr”. Täze taryhy eýýamda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, zehin başarnyklaryny açmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillere milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýe bermek, olara sowat, bilim öwretmek, hünäre ugrukdyrmak işleriniň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda bu ugra aýratyn üns berilýär we bilim ulgamynyň özgertmelerine giň mümkinçilikler döredilýär.
Ylym-bilime oňat düşünýän, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan ussat hünärmenler ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň dünýäde ykrar edilen okuw maksatnamalarynyň esasynda okadylmagy, täzeçe we düýpli pikirlenip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlaryň ylym-bilimine, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly üns berilýär. Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan ýaşlar hakyndaky aladanyň aýdyň beýanydyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli ruhda terbiýelenip, geçmişimize, milli mirasymyza buýsanýarlar. Olar bagtyýar şu günümize, nurana geljegimize guwanýarlar. Esasan hem nesil terbiýesinde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şadiwanlary uly gollanma bolup durýar. Biz hem bilim işgärleri hökmünde bu ajaýyp eserleri çuňňur öwrenip, ýaş nesillerimize kitabyň many-mazmunyny düşündirýäris. Munuň özi ilkinji nobatda, ýaşlarda milli buýsanç döremegine hem-de dünýägaraýyşlarynyň has-da giň bolmagyna oňat ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgesi ýurduň her bir raýatynyň ajaýyp döwrümizde erkana durmuşda ýaşamagyna, döredijilikli zähmet çekmegine giň şertleri döredýär. Şeýle ajaýyp durmuşyň goýnunda ýaşaýan her bir türkmenistanly Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga borçludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watany jandan eziz söýmegiň ýörelgesini, beýik adamkärçiligiň nusgalyk işleri bilen belent duýgulary kalbymyza guýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Sähragül ÖWEZOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.