Saglygy goraýyş ulgamy ýaş nesliň goragynda

05-01-26

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda güneşli Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, her bir güni şanly wakalara beslenýän döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde dünýäde ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Bu gün halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen tutumly işler has-da rowaçlanyp, oňat netijesini berýär.

Ýurdumyzyň esasy baýlygy bolan ynsan saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesi hakynda söhbet edilende, ilki bilen, bu ugurda Diýarymyzda durmuşa geçirilen işleriň ähmiýeti baradaky buýsançly pikirler hakyda dolýar. Çünki ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamakda, berkitmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ýaýbaňlandyrmakda durmuşa geçirilen hem-de alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sporty ösdürmekde, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmakda, zyýanly endiklere garşy göreşmekde, daşky gurşawy goramakda tutumly işler amala aşyrylýar. Bu günki gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän sport desgalarynda bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanýan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, durmuşyny sagdynlyk bilen utgaşdyrýan ildeşlerimizi göreniňde, täze taryhy döwrümiziň bagtyýarlyga, sagdynlyga beslenýändigine buýsanjyň artýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň sagdyn ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň kadaly ösüşine, onuň saglygynyň berk bolmagyna amatly täsir edýän möhüm şertleriň biri hem onuň oýlanyşykly düzülen iýmit tertibidir. Ösýän beden üçin iýmit arkaly barýan beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň, mineral maddalaryň, witaminleriň zerur mukdarda we kesgitli gatnaşykda bolmaklary aýratyn wajypdyr. Beloklar bedeniň ýiti sowuklama kesellerine we infeksiýalara garşylygyny üpjün edýär. Olar ýaglaryň, uglewodlaryň, mineral maddalaryň, С witamininiň özleşme hadysalaryna gatnaşýarlar. Çaga bedeni üçin belogyň ýetmezçiligi ýa-da artykmaçlygy zyýanlydyr. Birinji ýagdaýda ösüş hadysalary, süňk, gan emele gelme hadysalary, beýleki iýmit maddalaryň siňmesi bozulýar, bedeniň kesellere bolan garşylygy, işe bolan ukyplylygy peselýär. Belogyň artykmaçlygy bolsa beden üçin, aýratyn hem, bagyr we böwrek üçin artykmaç agram salýar.

Ýaglar energiýanyň wajyp çeşmesi bolup hyzmat edýärler we bedeniň goranyş güýçlerini berkidýärler, deriniň ýagdaýyna ýaramly täsir edýärler, damarlaryň maýyşgaklygynda wajyp orny tutýarlar.

Uglewodlar energiýany emele getirýän esasy çeşmedir, olar maddalaryň alyş-çalşygyna hem gatnaşýar. Uglewodyň esasy çeşmeleri bolup, ösümlik önümleri çörek, ýarma, nohut, ýeralma, gök önümler hasaplanýar. Uglewodlaryň artykmaçlary ýaga öwrülýär we ýag dokumasynda toplanýar, bu bolsa semizlige getirip biler.

Witaminler bedeniň ýaşaýşa ukyplylygynda wajyp orny eýeleýär. Olar madda çalşygynyň dogry amala aşmagy, kadaly ösüş üçin zerur hasaplanylýar. Bedende С witamininiň ýetmezçiligi bedeniň umumy ysgynsyzlygyna, saçyň düşmegine, deriniň gyzarmagyna, diş arassalanylanda ganamagyna, gaharjaňlyga we ukynyň erbetleşmegine getirýär. С witamini gök soganda, sarymsakda, kelemde, turpda, itburunda, mandarinde, limonda köpdür. С witamini çaga bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar hem-de gan damarlaryny, nemli bardalary we diş etlerini berkidýär.

Ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça döw­let de­re­je­sin­dä­ki çä­re­le­riň hem­me­si adam­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, ömür­le­ri­ni uzalt­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ýo­kanç däl ke­sel­le­riň, ýag­ny ýü­rek, gan-da­mar ul­ga­my­nyň, dem alyş, en­dok­rin ul­ga­my­nyň we howp­ly tä­ze dö­re­me ke­sel­le­riniň öňü­ni al­mak­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri hal­kyň ara­sy­na or­naş­dy­ryl­ýar. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­sy­ny bol­sa adam­la­ryň dem al­ýan ho­wa­sy, iç­ýän suw­la­ry­nyň aras­sa bol­ma­gy, ka­da­ly iý­mit­len­me­gi, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­ma­gy, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry ýa­ly çä­re­ler düz­ýär. Türk­me­nis­tan­da du­zuň ýod­laş­dy­ryl­ma­gynyň, onuň de­mir bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­gynyň hem gal­kan gör­nüş­li mäz ke­sel­le­ri­niň we gan az­ly­gyň öňü­ni al­mak­da äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Hä­zir­ki wagt­da adam be­de­nin­de D wi­ta­mi­niniň ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­mak we onuň öwe­zi­ni dol­mak ba­bat­da ýur­du­my­zyň luk­man­la­ry ta­ra­pyn­dan uly göw­rüm­li iş­ler ýo­la go­ýul­dy.

Döw­le­ti­miz­de ýe­ti­len sep­git­le­re göz aý­la­nyň­da, dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ryn­da ösüş­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­na aý­dyň göz ýe­tir­ýär­siň. Halkymyz bu gün öz mil­li mi­ra­sy­na, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýol-ýö­rel­ge­si­ne sar­pa goý­mak, ag­zy­bir­lik bi­len dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çe­kip, ata Wa­ta­ny­my­zy tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­le­ýär. Hor­mat­ly

Hormatly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy has-da kuw­wat­lan­dyr­ma­k, il-gü­nüň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Şun­da me­de­ni we sag­lyk mak­sat­ly des­ga­lar, bi­na­lar yzy­gi­der gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Mu­nuň özi adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy­na, bag­ty­ýar dur­mu­şa berk bin­ýat bol­ýar. Çün­ki bu­la­ryň äh­li­si döw­re­bap ösüş­le­ri üp­jün et­mek bi­len, il­deş­le­ri­mi­ziň sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.