«Saglyk» Döwlet maksatnamasy – halkyň bagtyýarlygynyň özeni
05-01-26
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, 2015-nji ýylda bolsa onuň rejelenen görnüşi kabul edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu maksatnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, tutuş ýurdumyzda dabaraly çäreler geçirildi. Abadançylygyň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýär. Şu jähetden, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny düýpli kämilleşdirmek babatda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Şoňa görä-de, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde» ady bilen guralan ylmy-amaly maslahatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Şeýle hem çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda dikuçarda aýlanyp, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurluşyklary dowam edýän we abatlaýyş işleri geçirilýän saglyk merkezleriniň ýagdaýy bilen tanşandygy barada aýdyldy. Hususan-da, hormatly Arkadagymyzyň sazlaşykly ösýän «Parahat» ýaşaýyş toplumynyň çäginde täze saglyk öýüni, «Tiz kömek» gullugynyň şahamçasyny gurmak boýunça degişli taslamalary taýýarlamak barada öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hil taýdan täze derejelere çykýandygyny görkezýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşygynyň bolandygyny bellemek gerek. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda degişli Ylalaşyga gol çekildi.
Ýaş nesliň saglygyny berkitmek babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň uly işleri alyp barýar. Gazna paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeleri yzygiderli bölüp berýär. Şeýle çagalar üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk bejergileri geçirilip, sagaldyş-dikeldiş işleri alnyp barylýar.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda alnyp barylýan nusgalyk işleriň ählisi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygydygynyň aýdyň güwäsidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.