Saglyk – ruhubelentligiň çeşmesi
05-01-26
Beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde edilýän aladalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orna eýedigini aýdyň görkezýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda täze saglygy goraýyş merkezleri, döwrebap hassahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
Ilatyň saglygy döwletiň kuwwatynyň esasy görkezijileriniň biridir. Şu jähetden, halkymyzyň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän häzirki zaman lukmançylyk merkezlerinde, saglygy goraýyş desgalarynda adamlara lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramaga, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin sport hereketlerini wagyz etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Netijede, milli saglygy goraýyş ulgamynda ýokary netijeler gazanylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen hem-de bu günki günde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagy esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar.
Diýarymyzda, şol sanda Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy, sport toplumlary hereket edýär. Ilatyň saglygyna howp salýan wehimlere garşy ygtybarly binýat kemala getirildi. Halkyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi giňden wagyz edilýär. Raýatlaryň jan saglyklaryny berkitmekleri, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap lukmançylyk merkezleri halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Lukmançylyk ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ýokarlandyrylýar, hukuk binýady yzygiderli kämilleşýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny öz kärine ussat hünärmenler we maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek, sanly lukmançylyk ýörelgelerini ýola goýmak ýaly işler amala aşyrylýar.
Tebigatyň ilkibaşdaky durky, arassa dag howasy we suwy adamlaryň dürli kesellerden saplanmagy, saglyklarynyň dikelmegi üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugry hökmünde şypahanalaryň hyzmatynyň yzygiderli ykrar edilýändigi muňa aýdyň mysaldyr. Adamyň saglygyny goramak işi, tebigy gurşawyň abat saklanmagyna we onuň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ynsan bedeni tämiz howa, tebigy gözellige, ýaramly hem ýokumly, ekologiýa taýdan arassa iýmite, dürli witaminlere mätäçdir. Ynha, Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheri hem geografik jähtden ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän şäherdir. Şäheriň saglygy goraýyş edaralarynda dürli ugurly, ýokary hünärli hünärmenler zähmet çekýärler. Bu ýerde dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek üçin ähli şertler döredilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan Arkadag şäherinde hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş we lukmançylyk desgalarynyň ençemesi halkymyzyň hyzmatyndadyr. Şolaryň biri hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezidir. Bu merkez täze şäheriň durmuş düzüminiň möhüm bölegi bolmak bilen, ol ähli görkezijiler babatda halkara ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe desgalaryny birleşdirýär. Şolaryň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we beýleki döwrebap desgalar bar.
Ýeri gelende, häzirki wagtda lukmançylygyň ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň, olary bejermegiň öňdebaryjy usullarynyň amaly lukmançylyga ornaşdyrylýandygyny, şunda ösen sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýandygyny bellemek gerek. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň yzygiderli amala aşyrylmagy bolsa halk bähbitli işleriň oňyn netijesidir.
Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Raisa ISRAFILOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Gistologiýa, embriologiýa we sitologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.