Döwrüň saglyk sahawaty
06-01-26
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler ähli halkymyzy guwandyrýar. Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen işlenip düzülen we häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli uzak geljegi nazarlaýan işler amala aşyrylýar.
Täze saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, bejeriş-dynç alyş merkezleri gurulýar, dünýä lukmançylygynda gazanylýan tejribeler işjeň ornaşdyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, kabul edilen milli maksatnamalardyr meýilnamalar saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maşgala lukmançylygyna geçilmegi bilen, saglygy goraýşyň ilkinji halkasynda alnyp barylýan işler düýpgöter özgerdi, keselleriň öňüni almaklyga, keseli irki, başlangyç döwründe ýüze çykaryp, raýatlaryň saglygyny dikeltmeklige we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeklige, ilatyň öz saglygy babatynda sowatlylygyny ýokarlandyrmaga giň gerim berildi.
Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we Ösüş maksatnamasy bilen gatnaşyklary täze derejelere çykarýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerde innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar raýatlarymyza döwrebap hyzmat edýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda häzirki zaman kliniki, ylmy-kliniki merkezleriň, saglyk öýleriniň täze binalary gurulýar. Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe täze döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy dowam etdirilip, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Türkmenabat şäherinde gurlan Glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bina bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, Saglyk öýi, «Tiz kömek» merkezi, Onkologiýa merkezi, Köpugurly hassahana, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi hereket edip, halkymyzyň saglygyny goramakda ähmiýetli orun eýeleýärler.
Eziz Watanymyzda çagalaryň saglygyny dikeltmekleri we olaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ýokary derejeli şertler döredilýär. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýadan ugur alnyp, toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekligine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin, amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan haýyr-sahawat işleri giň gerimde alnyp barylýar we her bir näsag çaga Gahryman Arkadagymyzyň üns merkezinde saklanylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary berildi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» öndürijisiniň «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamlarynyň, «Pemberton» enjamlar toplumynyň saglygy goraýyş edaralaryna sowgat berilmegi ýatdan çykmajak waka boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ekologik taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän çig mal binýady bolan Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleri öndürilip başlandy. Lukmançylyk klasteri lukmançylyk kömegini ýokary derejede dolandyrmagyň innowasion usulydyr. Ol derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny we serişdelerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda bilim bermäge, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň gowy dünýä tejribelerini ulanmak arkaly, ylmy işleri geçirmäge, diňe içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenendir. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň güwänamalaşdyryş ulgamy tarapyndan «Hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň» berilmegi onda öndürilýän önümleriň ýokary hilini kepillendirdi.
Ýurdumyzda elektron ulgamyny döretmek we sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işler kämilleşdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamyna hem sanly ulgam barha işjeň ornaşdyrylýar, maglumatlary alyşmak üçin göni sanly aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar we telelukmançylyk ornaşdyrylýar. Iň täze telekommunikasiýa we kompýuter tehnologiýalary, uzak aralyga garamazdan, meýilnamalaýyn we tiz lukmançylyk kömegini bermek, şeýle hem keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak ulgamynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmek, tejribe alyşmak üçin ýokary hünärli daşary ýurtly hünärmenleri çekmäge we tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzy sagdynlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülsenem HANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň müdiri.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.