SANLY BILIM ULGAMY KÄMILLIGIŇ BINÝADYDYR
06-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, bilim ulgamy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmekdäki baş ýörelgesidir. Şoňa baglylykda, bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylyp, halkara tejribeleri esasynda has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanda dünýäniň ösen döwletleriniň ylym-tehnika babatda döwrebap gazananlaryndan ugur alnyp, kämil tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerini ýerine ýetirmekde anyk netijeler gazanylýar.
Şeýlelikde, Türkmenistan ylym, bilim babatda dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyçlary netijesinde durmuşa geçirilýän halk bähbitli toplumlaýyn özgertmeler, bagtyýarlyk döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2026–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de has-da ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere, ykdysadyýetimiziň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda döwrebap ösdürilýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, eziz Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly raýatlar bolup kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Maglumat hem-de innowasiýa tehnologiýalarynyň ýokary tizlik bilen ösýän, olaryň her bir ynsanyň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna çuňňur ornaşýan döwründe bilim ulgamynda täze wezipeler, usullar we bilim bermegiň täze çemeleşmeleri kemala gelýär. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň maksady ýurdumyzda ähli zadyň gözbaşy bolan ylmy ösdürmekden ybaratdyr.
Bilim ojaklarynda sapaklary multimedia serişdelerini peýdalanyp interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuw maglumatynyň multimedia serişdesini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüne çekiji, çuňňur özleşdirilmegine we okuwçylaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine kömek edýär. Şeýle hem sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn orun degişlidir. Ýaşlara bilim bermegiň bu tejribesi, bir tarapdan, ýaşlara ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklarynda zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň sapaklaryny öz bilim ojagynyň çäginden çykman özleşdirmeklerine mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan, ol mugallymlara özara tejribe alyşmaga hem kömek edýär. Maglumatlaryň sanly ulgama geçilýän döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynyň arasynda ylmy maglumatlary alyşmagyň toruny emele getirmek, olaryň onlaýn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Ylym-bilim ojaklaryndaky kitaphanalaryň onlaýn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy Diýarymyzyň kitap goruny ulanyjylara elýeterli etmäge mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde ýurdumyzyň geljegi üçin ukyply hem-de zehinli ýaşlary terbiýelemekde, olary öz kärine ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde durmuşa geçirilýän işler örän netijeli häsiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, dünýä ylmynyň gazanan döwrebap usullary, şonuň bilen birlikde halkymyzyň milli medeniýetinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ýaş nesli terbiýelemek babatda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň datly miwelerini berýär.
Hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamynda öňe sürýän oňyn özgertmeleri we başlangyçlary bolsa bu ulgamyň mümkinçilikleriniň çägini barha artdyrýar. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Jeren GURBANDURDYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.