Sport - abadan durmuşyň sakasy

07-01-26

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň netijesinde Türkmenistan döwletimiz sportuň wagyz edilýän, dürli sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ynsanperwerligiň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ajaýyp däplerini özüne siňdiren bu medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri ýurdumyzyň üstünlikleri bilen sazlaşyp, hemmeleri uly ruhubelentlige besleýär.

Sport yn­san sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gin­de, ru­hu­be­lent we kä­mil nes­liň ke­ma­la gel­me­gin­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Ýaş­lykdan sport bi­len meş­gul­lan­mak adam­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne uly ýar­dam ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tagallalary bilen ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Döw­re­bap sport top­lum­la­ry, tür­gen­le­şik meý­dan­ça­la­ry, sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri hal­ky­my­zyň hyz­ma­tyn­da­dyr. Ýurt bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy we beý­le­ki ugur­daş mak­sat­na­ma­lar hem ýaş nes­liň sag­dyn ös­me­gi­ne, spor­ta hö­we­si­niň art­ma­gy­na, hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na şert dö­red­ýär.

Türk­men spor­ty soň­ky ýyl­lar­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de uly ösüşler ga­zan­dy. Ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň dür­li hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len ne­ti­je­le­ri ýur­du­myz­da sport ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­li­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Bü­tin­dün­ýä Sag­lyk gü­ni, Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni ýa­ly hal­ka­ra de­re­je­dä­ki se­ne­le­riň ýur­du­myz­da giň­den baý­ram edil­me­gi hem sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne be­ril­ýän uly äh­mi­ýe­ti gör­kez­ýär. Bu se­ne­ler hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, sport ar­ka­ly dün­ýä bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan baý­ram­la­ra öw­rül­ýär.

Sport di­ňe bir be­den sag­ly­gy­ny däl, eý­sem, ru­hy taý­dan be­lent ada­my­ny hem ke­ma­la ge­tir­ýär. Da­na akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Jan sag­ly­gyň ýok­dur hiç de­ňi-ta­ýy...» di­ýen dür­dä­ne sözleri hem sag­dyn­ly­gyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­ýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň many-mazmunyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleri nusgalykdyr. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan bimöçber işler, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap hassahanalar, anyklaýyş we bejeriş merkezleri, sport desgalary adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sagdyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen «Saglyk» döwlet maksatnamasy döwletimizde ynsan saglygynyň baş baýlyk hasap edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Wa­tan­daş­la­ryň sag­ly­gy­ny döw­let de­re­je­sin­de il­kin­ji orun­da goý­ýan, beýik işler, belent maksatlar bilen halkyny täze üstünliklere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun!

Merdan GYZYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.