Sagdyn ýaşaýyş — bagtyýar durmuş
07-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler bolsa her birimizi buýsandyrýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagy esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar. Geçen ýyl «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ynsan saglygyny goramagyň esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendiginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işi kämilleşdirilip, täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy biz — saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň we mähriban halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.
Ýeri gelende, häzirki wagtda lukmançylygyň ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň, olary bejermegiň öňdebaryjy usullarynyň amaly lukmançylyga ornaşdyrylýandygyny, şunda ösen sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýandygyny bellemek gerek. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň yzygiderli amala aşyrylmagy bolsa halk bähbitli işleriň oňyn netijesidir.
Diýarymyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy, sport toplumlary hereket edýär. Ilatyň saglygyna howp salýan wehimlere garşy ygtybarly binýat kemala getirildi. Halkyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi giňden wagyz edilýär. Raýatlaryň jan saglyklaryny berkitmekleri, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap lukmançylyk merkezleri halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Lukmançylyk ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ýokarlandyrylýar, hukuk binýady yzygiderli kämilleşýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny öz kärine ussat hünärmenler we maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek, sanly lukmançylyk ýörelgelerini ýola goýmak ýaly işler amala aşyrylýar.
Görnüşi ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamyny ylmy esasda ösdürmek babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip bellemegi bolsa beýik işlere badalga berýär. Goý, berkarar döwletimizi gülläp ösüşiň täze belentliklerine çykarýan, halkymyzyň saglygyny, ýaşaýyş-durmuşyny ähli zatdan ileri tutýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Arzuw MÄMMETDURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.