Gözel tebigat — sagdynlygyň çeşmesi
07-01-26
Häzirki döwürde ekologiýa meseleleri we daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak tutuş dünýäde ileri tutulýan wezipeleriň birine öwrüldi. Eziz Watanymyzda tebigy baýlyklarymyzy we gözelligimizi gorap saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ynsan ýaşaýşynyň ylham çeşmesi bolan tebigaty goramak häzirki wagtda bütin dünýäde öňe sürülýän wezipeleriň biridir. Sebäbi tebigat biziň mähriban öýümizdir. Ýaşaýyş-durmuşy tebigat bilen berk baglanyşykly bolan adamzat jemgyýeti ekologiýa meselesine uly üns berýär.
Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, bu ugurda halkara tejribelere laýyk kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça möhüm çäreler amala aşyrylýar.
Tebigat — ähli janly-jandaryň ýaşaýyş çeşmesi. Onuň ýagdaýy ynsanyň hem fiziki, hem ruhy saglygyna gönüden-göni täsir edýär. Gözel tebigatyň gujagynda wagt geçirmek ynsanyň ruhy durnuklylygyny üpjün edýär. Guşlaryň saýraýşy, suwuň akyşy, ýaşyl baglaryň arasynda gezim etmek adama rahatlyk berýär.
Garaşsyz Watanymyzyň tebigaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda möhüm orun tutýar. Onuň goralmagy halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşynyň binýadydyr. Ýurdumyzyň güneşli topragynyň dürli öwüşginli tebigatyny, ýerüsti we ýerasty baýlyklaryny goramak, olary netijeli we rejeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan özgertmelerde ekologiýa abadançylygy möhüm orun eýeleýär. Ýurduň ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan milli maksatnamalar hem ekologik ýagdaý bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, halkymyzyň abadan durmuşynyň esasy şertleriniň biridir.
Daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň hatarynda, ilkinji nobatda, milli kanunçylygymyzda göz öňünde tutulan çäreleri aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň tebigaty goramak baradaky kanunçylygy daşky gurşawy hapalanmakdan goramaga, biologik dürlüligi we biosferany saklamaga we tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz bag nahallarynyň oturdylmagynyň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtap, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, öň oturdylan baglara ideg etmek bilen baglanyşykly işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini wezipe edip goýýar. Şol wezipä hötde gelmek üçin yhlas bilen zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Ýer ýüzünde ekologiýa abadançylygyny saklamak, bu babatdaky işleri ýaýbaňlandyrmak maksady bilen 1972-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda Stokgolm maslahaty geçirildi. Şol maslahatda hem daşky gurşawy goramak boýunça Jarnama kabul edildi. Bu Jarnamanyň maksady tebigaty aýawly saklamak, baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýany gowulandyrmak üçin ykdysady, durmuş ösüşi, daşky gurşawyň halkara meselelerini köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasynda çözmekden hem-de ösdürmekden ybaratdyr. Şeýlelikde, 1972-nji ýylyň 16-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni» diýlip yglan edildi. Bu babatdaky işleri guramaçylykly amala aşyrmakda BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy we ýöriteleşdirilen edarasy (UNEP) döredildi.
Ata Watanymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, halkyň ýaşaýyş durmuşyny gowulandyrmakda halkara giňişlikde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler giň gerime eýe bolýar. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda tebigaty aýap saklap, oňa mähirli garap gelipdir. Muňa mysal getirip, «Edenli adam topragyny altyna öwrer», «Bag ekeniňki, ýap çekeniňki», «Çekseň zähmet — ýagar rehnet», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Baýlygyň enesi — ýer, atasy — zähmet» ýaly ençeme nakyllary we atalar sözlerini aýtmak bolar. Parasatly pederlerimiz ýaş nesilleri tebigata mähirli garaýyşlarda, janly-jandarlara ynsanperwerlikli garamak ýaly asylly ruhlarda terbiýelemekdäki işlere baş wezipe hökmünde garapdyr.
Gözel Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, baý tebigatymyzyň baýlyklaryny gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Daşky gurşawyň arassalygynyň sagdyn we bagtyýar ýaşaýşyň özeni bolup durýandygy hemmelere mälim hakykatdyr. Bu durmuş meselesinde Hazaryň ekologiýa abadançylygy hakyndaky wezipelerine hem aýratyn orun degişlidir. Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, Hazarýaka döwletleriň ählisinde bu babatda täze başlangyçlar öňe sürülýär. Umuman alanymyzda, tebigaty goramak, onuň gülläp ösmegine öz goşandyňy goşmak her bir adamyň borjudyr.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Akmaral GARAJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.