Dermanlyk ösümlikleri — tebigy dermanhana

07-01-26

Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby saglygy goraýyş işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Ol Diýarymyzda bitýän dermanlyk otlara diňe bir ýurdumyzda däl-de, daşary ýurtlarda hem gyzyklanmany artdyrdy. Bu kitap lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösmegine hem kämilleşmegine goşan ägirt uly goşandydyr.

Ylmy we halk lukmançylygy bilimlerine hem-de köpýyllyk gözleglere, tejribelere daýanýan kitabyň ýokary çap ediliş usulynda neşir edilen jiltlerinde dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, ösüşi, ýaýraýşy, ýygnalyşy, saklanylyşy, olardan dermanlyk serişdeleriniň taýýarlanylyşy we ulanylyşy, tebigy gorlary bilen bagly maglumatlar täsirli beýan edilýär. Kitabyň ýene-de bir aýratynlygy ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, latynça, rusça berilmegi, suratlarynyň göze gelüwli edilip ýerleşdirilmegi bilen baglydyr.

Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň her bir jildi iki bapdan ybarat bolup, onuň birinjisi dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamalaryndan, ikinjisi bolsa ösümliklere degişli maglumatnamalardan ybaratdyr. Has takygy, birinji bapda şypaly ösümlikleriň häsiýetleri, ýaýrawy, tebigy gorlary, himiki düzümi, olardan dermanlaryň taýýarlanylyşy, ulanylyşy hakynda ylmy maglumatlar berilýär. Ikinji bapda bolsa dermanlyk ösümlikleriň türkmençe-latynça-rusça sözlügi, çig mallary ýygnamagyň senenamasy, saklanyş möhletleri we peýdalanylan edebiýatlar ýerleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Nobatdaky kitap Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara ýetirýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama» diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Ýurdumyzyň şypahanalaryndaky ýerli bejeriş serişdeleriniň arasynda adam saglygyna has oňyn täsirini ýetirýän dermanlyk ösümliklerden we olaryň esasynda taýýarlanylýan dermanlaryň görnüşlerinden peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Ol ýöne ýerden däldir, çünki ylmy barlaglaryň berýän maglumatlaryna görä, ösümlikleriň dermanlyk çig mallaryndan taýýarlanylýan derman serişdeleri özleriniň emeli (sintetiki) ýol bilen alynýan görnüşlerinden tapawutlylykda, birinjiden, adam bedenine ýumşak täsir edýär, ikinjiden, goşmaça täsirleri az ýüze çykarýar ýa-da bütinleý ýüze çykarmaýar, üçünjiden, ösümlik çig mallaryndan derman görnüşlerini öndürmek ykdysady taýdan örän amatly hasaplanýar. Hut şol sebäpli hem häzirki döwürde bütin dünýäde öndürilýän derman serişdeleriniň, takmynan, 50 göterime golaýy tebigy serişdeleriň, şol sanda ösümlikleriň dermanlyk çig mallary esasynda alynýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň giň gerimlidigine aýdyň göz ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti örän uludyr. Ylmy-ensiklopedik eser diňe bir bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleriň, talyplaryň däl, eýsem, ähli ildeşlerimiziň gymmatly gollanmasyna öwrüldi. Ol daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly höwes bilen okalýar we öwrenilýär. Munuň şeýledigini kitabyň dünýäniň 15-e golaý dilinde neşir edilmegi-de aýdyň subut edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işler halkyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Halkymyzyň saglygy, bagtyýar we abadan durmuşy barada yzygiderli alada edýän, türkmen lukmançylygyny düýpli ösdürmekde giň gerimli tagallalary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Enegözel HOJAMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasynyň assistenti.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.