He­re­ket – sag­dyn dur­muş­yň özeni

08-01-26

He­re­ket sag­ly­gyň sa­ka­sy, sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýar. Adam be­de­ni­ne fi­zi­ki maşk­la­ryň aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­di­gi hem­me­le­re mä­lim­dir. Saz­la­şyk­ly be­den maşk­la­ry ada­myň sag­dyn bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär, işeň­ňir­li­gi­ni art­dyr­ýar, ru­hu­ny be­len­de gö­ter­ýär. Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len gy­zyk­lan­ýan her bir adam öz şah­sy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, be­de­ni­niň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, maşk­la­ryň ýö­ne­ke­ýin­den has çyl­şy­rym­ly­la­ry­na geç­me­gi ba­şar­ma­ly.

Gy­zyk­ly we sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­ma­ga bo­lan ym­ty­lyş, öňe he­re­ket et­mek, tä­ze sep­git­le­re ýet­mä­ge bo­lan hö­wes — bu­la­ryň äh­li­si sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň mak­sa­dy hem ne­ti­je­si­dir. Ber­ka­rar döw­le­ti­ň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de ýur­du­my­zyň sport ul­ga­my­ny düýp­li öz­gert­mek, türk­men spor­tu­nyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­mek, şeý­le hem ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­ny spor­ta giň­den çek­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we olim­pi­ýa he­re­ket­le­ri­niň üs­ti bi­len sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ýaş­la­ryň ara­syn­da has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak, döw­le­ti­mi­ziň sport we ýaş­lar ba­bat­da­ky sy­ýa­sa­ty­ny ut­ga­şyk­ly alyp bar­mak hem-de wa­tan­çy, ugur­ta­py­jy, zäh­met­sö­ýer, ýo­ka­ry me­de­ni­ýet­li ýaş­la­ry ýe­tiş­dir­mek ba­bat­da giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Sport bi­len meş­gul­lan­mak adam­za­dyň ösü­şi­ne hem ýar­dam ed­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de sport halk­la­ryň gat­na­şyk­la­ry­nyň me­de­ni­ýe­ti bo­lup hyz­mat ed­ýär. Sta­di­on­lar, sport meý­dan­ça­la­ry we köpsan­ly des­ga­lar di­ňe tür­gen­le­riň däl-de, eý­sem, dost­lu­gyň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na sar­pa goý­ýan­la­ryň hem du­şuş­ýan ýe­ri­ne öw­rül­di. Çün­ki sport bi­ziň dün­ýä­mi­zi has-da gö­zel­leş­dir­ýär hem­-de dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ryna ýet­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Sport — bu adam­za­dyň öňün­de dur­ýan me­se­le­le­riň kö­pü­si­ni çöz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ne­ti­je­li gu­ral­dyr. Sport jem­gy­ýe­tiň bir­leş­me­gin­de uly orun eýe­le­ýär we beý­le­ki ýurt­lar bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry go­wu­lan­dyr­ma­gyň, di­ni, sy­ýa­sy nä­saz­ly­gy ara­dan aýyr­ma­gyň se­riş­de­si­dir.

Hä­zir­ki wagt­da Di­ýa­ry­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da, şä­her­le­rin­de, hatda iň çet­ki oba­la­ryn­da hem dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän kö­pu­gur­ly sta­di­on­lar, be­den­ter­bi­ýe we sa­gal­dyş top­lum­la­ry, aý­law­lar we sport mek­dep­le­ri he­re­ket edip, olar­da ýaş­la­ryň köp­san­ly­sy öz us­sat­lyk­la­ry­ny art­dyr­ýar­lar. Ýur­du­myz­da tür­gen­ler­dir hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň tä­ze usul­la­ry we sport oýun­la­ry­ny ge­çir­me­giň tej­ri­be­si-de yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Türk­men tür­gen­le­ri bol­sa öz­le­ri ha­kyn­da edil­ýän ala­da­la­ra öz ýe­ňiş­li ýol­la­ry, hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ryn­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri bi­len jo­gap ber­ýär­ler. Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň sport se­ne­na­ma­sy­na-da bu ugur­da aja­ýyp wa­ka­la­ryň en­çe­me­si ýa­zyl­dy. Türk­me­nis­tan san­ly­ja ýy­lyň için­de dün­ýä we se­bit de­re­je­sin­dä­ki iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne, sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öw­rül­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adam öm­rü­niň äh­li dö­wür­le­rin­de he­re­ket­de bol­ma­gy­nyň sag­ly­ga oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi ha­kyn­da­ky söz­le­rin­den ugur al­nyp, ýur­du­myz­da her bir yn­sa­nyň be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­ny ga­zan­mak, hal­kyň spor­ta we be­den­ter­bi­ýä bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy­ny art­dyr­mak, sag­dyn jem­gy­ýe­ti ter­bi­ýe­le­mek üçin uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Sag­dyn we ru­hu­be­lent ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hä­zir­ki za­man sport we be­den­ter­bi­ýe en­jam­la­ry or­naş­dy­ry­lan sport mek­dep­le­ri­niň hem-de sport top­lum­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça köp­çü­lik­le­ýin ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­me­gi adam­la­ryň bu ug­ra bo­lan hö­we­si­ni art­dy­ryp, sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge ýar­dam ed­ýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Güljemile HUDAÝBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.