Dogry iýmitlenmek — sagdynlygyň esasy şerti
08-01-26
Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň we eşretli ýaşaýşyň girewidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar — fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adam dürli keselleriň öňüni alyp biler. Hereketsizlik we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Onda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Energiýa deňagramlylygynyň bozulmagy bedeniň artyk agram almagyna, ýagny aşa semizlige eltýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoporozyna, ýürek-damar, kelle-beýni keselleriniň, süýjüli diabetiň we howply täze döremeleriň käbir görnüşleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Dogry we deňagramly iýmitlenmek — bu adam organizminiň ähli zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Her bir adam üçin belli bir mukdarda kaloriýa, iýmitlik maddalar, witaminler, mineral maddalar we ş.m. zerurdyr. Sagdyn iýmitlenmegiň düzgünlerine eýermegiň netijesinde adam bedeni zerur iýmitlik maddalary we kaloriýany alyp biler. Şonuň ýaly-da peýdasyz ýa-da iýmit gymmaty bolmadyk önümleri ulanmakdan gaça durmalydyr.
Gök we miwe önümler
Gök önümler gündelik iýmitimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Iýýän önümlerimiziň sanawyna gök önümleri, däneli önümleri we beýlekileri girizmek zerurdyr. Gök önümler çig görnüşde ýa işlenilen görnüşde kabul edilip bilinýär. Emma olaryň işlenilmegi witaminleriň we peýdaly maddalaryň ýitmegine sebäp bolýandygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Dogry iýmitlenmek miweleriň köpräk mukdarda kabul edilmegini hem öz içine alýar. Miweler witaminleriň we käbir mineral maddalaryň baý çeşmesidir. Witaminleriň çeşmesi hökmünde miweleri, şeýle hem miwe suwlaryny ulanmak bolýar.
Däneli önümler
Däneli önümleri adam bedeni haýal siňdirýär. Şonuň üçin olar gan şekeriniň derejesine has az täsir edýär. Şeýle hem, olar süýümiň we belogyň baý çeşmesidir. Arassalanan däne önümlerinde belogyň we süýümiň mukdary az bolýar, gan şekerinde bökdençlik döredýär. Soňky ylmy barlaglar bu önümleriň iýilýän tagamlaryň dörtden birini düzmelidigini görkezýär.
Belogyň çeşmeleri
Belok – her bir adam üçin zerur iýmit maddasydyr. Dietologlaryň bellemegine görä, belok adamynyň gündelik iýmitiniň, takmynan, dörtden birini tutmalydyr. Süýt önümleri kalsiniň we beýleki peýdaly maddalaryň baý çeşmesidir. Köp dietologlar mümkin bolan ýagdaýynda az ýagly süýt önümlerini ulanmagy maslahat berýärler. Az ýagly süýt kalsiniň we mineral maddalaryň çeşmesi bolup durýar, emma bedene düşýän ýüki has ýeňilleşdirýär.
Dogry iýmitlenmek we ýaramaz endiklerden daşda durmak iň gymmatly baýlygyňy ― saglygyňy goramakdyr. Ýurdumyzda köpçülikleýin sagdyn durmuş ýörelgesiniň ösdürilmegi, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ählisi, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýna GYZYLOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.