Gyş paslynda sagdynlyk kadalaryny berjaý etmek

15-01-26

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, saglygy goraýyş ulgamynda sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirilýär. Saglygyň berkligi her bir maşgalanyň sagdyn we uzak ömürli ýaşamagynyň esasydyr. Saglygy goramak her bir adamyň, özüne bagly bolup durýar.

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeý we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler.

Ýiti respirator ýokanç keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Derman serişdelerini özbaşdak ulanmak nädogrudyr. Çünki olaryň özbaşdak ulanylanda birnäçe gaýraüzülmelere getirip biljekdigini unutmaly däl.

Sagdyn, kadaly iýmitlenmek saglygyňy goramakda we pugtalandyrmakda möhüm şertleriň biri. Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň we içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýenik talaplary doly we dogry berjaý etmeli. Witaminlere baý önümleri iýmeli. Milli tagamlarymyzyň biri bolan gyzyl burç goşulan unaşy maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.

Ýurdumyzda sagdynlyk kadalaryny berjaý etmek ugrunda hem wagyz-nesihat işleri üstünlikli berjaý edilýär. Lukmanlaryň käbir maslahatlary şulardan ybaratdyr: 

  • Pasla görä geýinmeli.
  • Howanyň ýagynly günlerinde typmaklykdan, taýmaklykdan seresap bolmaly.
  • Mümkin boldugyça, arassa howada gezelenç etmeli.
  • Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli.
  • Elmydama öý we iş otaglarynyň penjirelerini açyp, ýelejiretmeli, çyglanan esgiler bilen arassaçylyk işlerini geçirip durmaly.
  • Möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň ýüze çykmak alamatlary peýda bolanda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
  • Derman serişdelerini hiç wagt özbaşdak ulanmaly däl. Sebäbi olaryň keseliň gaýraüzülmelerine getirip biljekdigini unutmaly däl.
  • Eger-de maşgala agzalarynyň biri näsaglan bolsa, onda aýratyn otaga ýerleşdirip, onuň ähli şahsy zatlaryny aýratynlykda saklamaly.
  • Üsgürilende, asgyrylanda, hökman elýaglyk bilen agzy, burny ýapmaly.
  • Näsaga ary bally, limonly çaý, süýt we türkmeniň milli tagamy bolan unaşy içirmek peýdalydyr. Ýöne, ilki bilen, maşgala lukmany bilen maslahatlaşmaly.
  • Sagdyn we kadaly iýmitlenip, iýmit howpsuzlygyny berjaý etmeli.
  • Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny doly we dogry berjaý etmeli.
  • Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän melhemlik çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.
  • Ýokanç däl keselleriň düzümine girýän howply täze döremeleriň ýurdumyzda ýola goýlan irki  anyklaýyş barlaglaryndan öz wagtynda geçmeli.
  • «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, milli sanjym tertipnamasyna laýyklykda, saglyk öýlerinde edilýän keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň çagalaryňyza öz wagtynda edilmegine işjeň gatnaşmaly.
  • Möwsümleýin keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp almaly.

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlary içmegi endik edinmeli.

Paslyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli we bu babatda çagalara-da gözegçilik etmeli. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny hem öz wagtynda almaly.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Mähri NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.