BEDEW TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY
16-01-26
Häzirki ajaýyp döwrümize bolan buýsanç her bir ildeşimiziň ýürek töründe orun alandyr. Şeýle buýsançly wakalary has-da çuňňur many-mazmun bilen bezeýän ýyllarymyz beýik ösüşlere beslenip gelýär. Ynha, şu şöhratly ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi halkymyzyň täze üstünliklerini, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewleriň şöhratyny dünýä ýaýjak ýol-ýörelgedir.
Her bir halkyň döreden gymmatlygy milli ýörelgeler bilen berk baglanyşykly bolýar. Şeýle milli ýörelgeler dünýä medeniýetine mynasyp goşant bolup, yzygiderli kämilleşdirilýär we şöhratlandyrylýar. Bu günki günde bedew atyň bady bilen ösýän ýurdumyzda milli ýörelgelerimize uly üns berilýär. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy hem ahalteke bedewlerini seýislemek we tebigy arassalygyny gorap saklamakdyr. Ynha, şu gymmatlyklary goramak we geljek nesillere ýetirmek şu günki günüň netijeli işleriniň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ahalteke atlarynyň arassa tohumyny gorap saklamak, olaryň sanyny artdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işde diňe bir häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribelerinden peýdalanmak bilen çäklenilmän, pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen milli atşynaslyk sungatynyň tejribeleriniň hem göz öňünde tutulmalydygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Esasan hem ýaş nesillere bu gymmatlyklary öwretmek asylly maksatlarymyz bolup durýar.
Bu günki günde alymlar, mugallymlar, bilim işgärleri behişdi bedewler hakyndaky ylmy garaýyşlaryny ýaşlara öwredýärler, şeýle hem özleriniň çykyşlary bilen bu garaýyşlary giň okyjylar köpçüligine ýetirip durýarlar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplary gymmatly gollanmamyzdyr. Bu çuňňur manyly ajaýyp eserlerde bedew atlaryň şöhratly ýoly, taryhy, şu güni hakynda ylmy esasda esaslandyrylan gymmatly maglumatlar bar. Bu bolsa her bir okyjynyň, alymyň, ylmy işgäriň ünsüni özüne çekýär.
Bedew türkmeniň uçar ganatydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň atşynaslarynyň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Türkmen bedewleriniň owadanlygy, ýyndamlygy dünýäni haýrana goýýar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy hem bu aýdylanlary subut edýär. Mälim bolşy ýaly, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş etmegi hem-de ýeňiş gazanmagy türkmeniň atçylyk sungatynyň has ýokary derejelere eýedigini beýan etdi.
Behişdi bedewler toý-baýramlaryň bezegi bolup durýar. Şonuň üçin hem asyrlaryň dowamynda at çapmak, at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmek milli gymmatlyk hökmünde ýöredilip gelnipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ajaýyp gymmatlyklar, milli sungat mynasyp ösdürilýär. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmekde, milli atşynaslyk sungaty-myzy dünýä derejesine çykarmakda uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýmakda, milli oýunlaryň, sungatyň ajaýyplyklaryny dabaralandyrmakda asylly maksatlara eýerilýär. Bu günki günde türkmen ýigitleriniň ahalteke bedewlerine erk etmegi, milli oýunlarda ezberligi bilen öňe saýlanmagy dünýä ýüzündäki şöhratyny ýene-de belent derejelere ýetirýär. Milli medeniýetimizi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Döwlet KERIMOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti
Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.