BELENT ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY

20-01-26

Häzirki ajaýyp döwrümiz şanly wakalara beslenýär, her bir günümiz belent üstünlikler bilen şöhratlanýar. Şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy ähli ildeşlerimizde buýsanç döredip, täze üstünlikleriň dünýä ýaýyljakdygyny äşgär edýär. Şu ýylymyz taryhy wakalara, ösüşlere baý ýyl bolar, çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna sowgatly barmak halkymyzyň asylly däbinden alamatdyr. Göwünlerimizi galkyndyrýan sahawatly toý-baýramlar şu günlerden ruhumyzy belende göterýär, şu ýylyň başlanmagy mynasybetli, ajaýyp şygara beslenmeginiň şanyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaralar geçirilýär. Bu bolsa “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şan-şöhratynyň has-da belentdigini aýdyň beýan edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz 2026-njy ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny has-da belende göterdi. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň okgunly ösüşiniň baş nyşanyny alamatlandyrýan ahalteke bedewleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan mähriban türkmen halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Halkymyz şu şanly ýyla hormat-sarpa goýup, dabaralara, wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşýarlar, özleriniň döredijilikli zähmetlerini has-da artdyrýarlar. Çünki bu ýyl özüniň buýsançly şygary bilen beýik ösüşleriň ýoluny dünýä ýaýyp, ähli ynsanlaryň ýürek töründe orun aldy. Türkmenistan Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna hut şu ýyl 35 ýyl dolýar. Şonuň üçin hem bu şanly senäni halkymyzyň uludan-kiçä ählisi işlerinde, okuwlarynda, durmuşynda gazanýan üstünliklerini, rowaçlyklaryny sowgat edip, aýratyn joşgun bilen garaşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşleriň, özgerişleriň we ýeňişleriň altyn sahypasy bolup iň täze taryhymyzda mynasyp orun eýeleýär. Bu döwürde biziň her birimiziň durmuşymyzda düýpli özgertmeler bolup, maksatlarymyzyň myrada ýetýän zamanasy boldy. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek, belent derejelere ýetirmek baradaky tagallalary rowaçlyklara beslenýär, beýik işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde belent maksatlar tutulýar, aýdyň ýollar bilen beýik ösüşler gazanylýar. Şeýle hem munuň özi beýik ösüşleriň dowamat dowam boljakdygyny aýdyň beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna täze ýyl Gutlagynda şeýle belleýär: “Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp geçeris. Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris”. Bu parasatly sözler ähli ildeşlerimizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar, olarda bagtyýar durmuşymyza buýsanç döredýär. Türkmenistan Watanymyz bu gün dünýäniň iň öňdebaryjy, abraýly döwletleriniň hatarynda mynasyp orun alýar, dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ösüşiň rowaçlanýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Bu döwürde ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda - syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde uly ösüşler gazanyldy. Bularyň ählisi beýik ösüşleriň ýolun-dan bedew bady bilen öňe barýan türkmen halkyny buýsandyrýar, guwandyrýar.

Häzirki ajaýyp döwrümizde belent maksatlar bilen nurana geljege barýan, döredýän, gurýan halkymyzyň üstünlikleri üstünliklere ulaşýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!

Annagözel ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmancylyk uniwersitetiniň Jemgyyeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.