BEDEW ATLAR – BUÝSANJYMYZ HEM ŞÖHRATYMYZ
21-01-26
Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň nurana ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. 2026-njy ýyly mynasyp atlandyrmakda halkymyzyň isleg-arzuwlary, raýatlarymyzyň teklipleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýüreginde buýsanç döretdi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly uly üstünliklere beslenip, milli ýörelgelerimizi, gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler dörediler. Toýlary toýlara ulaşýan Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek şu ýylyň adynyň behişdi bedewler bilen baglanyşdyrylmagy geljekki üstünliklere bolan ynamymyzy has-da artdyrýar. Çünki bedew rowaçlygyň, bagtyýarlygyň, okgunly ösüşiň nyşany hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” hem-de “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly gymmatly eserleri halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlykdyr.
Mälim bolşy ýaly, bedew atlar türkmeniň uçar ganatydyr, toý-baýramlarynyň bezegidir. Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan bu ajaýyp kitaplar, gadymy mirasymyzy geljek nesillere ýetirmekde ylmy we ruhy gollanma bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny, beýik özgertmelerini üstünlikli dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary şanly senelere beslenip gelýär. Watanymyzyň döwlet berkararlygynyň binýady bolan mukaddes Garaşsyzlyk aýdyň ýollarymyzda özüniň beýanyny tapdy.
Ahalteke bedewlerine bolan buýsanjymyz barha artyp, pederlerimiziň beýik ýoly mynasyp dowam edýär. Bu günki günde bedewler toý-baýramlaryň bezegidir, şeýle hem atly sporty ösdür-mekde uly gymmatlykdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewleri diňe däbe öwrülen at çapyşyklarynda däl-de, eýsem, atly sportuň beýleki görnüşlerinde hem, şol sanda konkurda hem ajaýyp netijeleri görkezýärler. Bularyň ählisi ata-baba ýörelgelerimiziň ösdürilýändigini, döwrebap mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi halkymyzyň behişdi bedewlere üstünlige ýetmegiň nusgasy hökmünde garaýandygy bilen baglanyşyklydyr.
Gözelligiň nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleri belent waspa mynasypdyr. Çünki halkymyz bedew atlary rowaçlygyň, ösüşiň nyşany hökmünde kabul edýär. Dilimizde berk ornaşan “bedew batly ösüşler”, “at - myrat” ýaly ganatly sözler hem bedew atlara bolan buýsanjyň aýdyň beýanydyr. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň bedew atlara goýýan sarpasy örän ýokarydyr. “Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň umumadamzat medeni gymmatlyklaryna uly goşant goşýan halkdygyny görkezýän dünýä ykrarnamasydyr. Goý, milli ýörelgelerimizi, gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýýan, beýik işleri alyp barýan, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürýän, halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.