Tebigata söýgi — Watana söýgi
03-10-24
Eziz Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmegiň adamzat jemgyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglydygy giňden wagyz edilýär, arassa daşky gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bu babatda ýaş nesilleriň kalbynda ata Watanymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgini artdyrmak hem möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Bize bu işde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň hünärmenleri ýakyndan ýardam edýärler. Olar çagalara ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, dürli bag nahallarynyň ösdürilip ýetişdirilişi, olara ideg ediliş usullary barada wideoşekilleriň üsti bilen täsirli gürrüňleri berýärler. Bu bolsa çagalarda ata Watanymyzyň tebigy gözelliklerini artdyrmaga, olary gorap saklamaga bolan höwesi has-da artdyrýar. Beýleki dersler bilen bir hatarda, başlangyç synplarda okadylýan tebigaty öwreniş dersinde çagalara ekologiýa barada ilkinji düşünjeleriň berilmegi olarda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, bag ekmek işlerine mynasyp goşant goşmak ýaly endikleriň kemala gelmegine ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ösüşini üpjün etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ekologiýa babatynda bitirilýän toplumlaýyn işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Şeýle işleriň hatarynda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gür baglyga bürenýän seýilgähleri döretmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly amal edilen beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar.
Gadymy türkmen topragy medeni ösümliklere hem-de haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ümmülmez düzlüklerimiz we sähralarymyz ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşlerini özünde jemleýär. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz medeni mirasyň bölegi bolan we belli bir derejede jemgyýetçilik we ahlak terbiýäni öz içine alýan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň inçe ýollaryny kämil derejede özleşdiripdirler. Tebigatymyzyň gözelligi halkymyzyň urp-adatlarynyň, milli däp-dessurlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçmek bilen, nepis türkmen halylarynyň nagyşlarynda, gelin-gyzlarymyzyň şaý-seplerinde özüniň aýdyň şöhlelenmesini tapypdyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanylmagyna gönükdirilen şeýle ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär» diýip, aýratyn belläp geçýär.
Ekologiýa medeniýeti, munuň özi, adamlaryň tebigaty, olaryň gözelliklerini kabul edişiniň derejesidir hem-de her bir adamyň älem giňişliginde öz eýeleýän ornuna baha berip bilmegidir, adamyň dünýä bolan gatnaşygydyr. Ekologiýa medeniýetiniň ýokary derejesi adamlaryň tebigy baýlyklary peýdalananda tebigata zyýan ýetirip biläýjek hadysalaryň ähli görnüşlerini aradan aýyrmalydygyny aňladýar. Şeýle hem daşky gurşawy gorap saklamak üçin nähili çäreleri geçirmelidigi baradaky bilimleri öz içine alýar we onuň merkezinde adamlaryň tebigaty goramak işine işjeň gatnaşmaga bolan taýýarlygyny aňladýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ösüşini üpjün etdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologiýa babatynda bitirilýän toplumlaýyn işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Şeýle işleriň hatarynda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gür baglyga bürenýän seýilgähleri döretmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly amal edilen beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar.
Gadymy türkmen topragy medeni ösümliklere hem-de haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ümmülmez düzlüklerimiz we sähralarymyz ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşlerini özünde jemleýär. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz medeni mirasyň bölegi bolan we belli bir derejede jemgyýetçilik we ahlak terbiýäni öz içine alýan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň inçe ýollaryny kämil derejede özleşdiripdirler. Tebigatymyzyň gözelligi gorap saklamak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Hemra BEŞIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Gidromeliorasiýa we agromehanika bölüminiň bölüm müdüri.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.