Behişdi bedewler – halkymyzyň milli buýsanjy
22-01-26
Ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny tassyklaýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynyň we oňyn özgertmeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Asylly maksatlardan ugur alyp, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Şanly ýylymyzda bu şygar täze üstünliklere, bedew batly ösüşlere badalga bolup, bagtyýar halkymyzy ajaýyp zähmet ýeňişlerine, röwşen geljege ruhlandyrýar.
Bilşimiz ýaly, Gündogar müçenamasyna laýyklykda, 2026-njy ýyl — Ýylky, ýagny bedew ýylydyr. Behişdi bedewler bolsa, halkymyzyň milli buýsanjydyr. Bedew atlar wepadarlygyň, maksada okgunlylygyň, erkinligiň we zähmetsöýerligiň nyşany hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň ösüşleriniň bedew badyna deňelmegi bolsa bu hakykatdan gözbaş alýar.
Biziň pähimdar pederlerimiz: “Ajap eser, ajap sazdyr bedewler” diýip jaýdar aýdypdyrlar. Muny Milli Liderimiziň döwet galamynyň astyndan çykan we dünýäniň ençeme halklarynyň dillerine terjime edilen “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly ajaýyp kitaplary dolulygyna subut edýär. Bu günki gün bu ajaýyp eserler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň ençeme halklarynyň ýankitabyna öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek, durnukly ösüşi gazanmak, milli gymmatlyklarymyzy rowaçlyklara beslemek ýaly, asylly maksatlar bilen nurana geljege tarap ynamly öňe barýar. Döwletimiziň gülläp ösmeginde asylly işleri amala aşyrýan, täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy röwşen geljege alyp barýan, dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur alkyşymyzy şahyryň buýsançly setirleri bilen beýan edýärin.
Bu şanly ýylyň gelmegi bilen Gahryman Akadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy we ähli bilim işgärlerini tüýs ýürekden gutlaýarys! Halkymyzy toý-baýramly günlere alyp barýan Gahryman Akadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Enejan SAPAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymcylyk institutynyň Mekdebe çenli bilim we terbiýe bakalawr hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.