BEDEW ATLAR BUÝSANJYMYZ HEM ŞÖHRATYMYZ

23-01-26

Her ýy­ly­my­zyň döw­re­bap at­lan­dy­ryl­ma­gy, mil­li ösü­şiň tä­ze tap­gy­ryn­da esa­sy ugur­la­ry şöh­le­len­dir­ýän şy­ga­ryň yg­lan edil­me­gi asyl­ly dä­be öw­rül­di. Şu ýy­ly­ň «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň kö­ňül buý­san­jy­ny go­şa­lan­dyr­dy.

Ker­wen gu­rap gel­ýän ýyl­la­ryň her bi­ri tä­ze ýe­ňiş­le­re, üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan 2025-nji ýyl or­nu­ny aja­ýyp za­ma­na­my­zyň tä­ze ýy­ly­na — 2026-njy ýy­la ber­di. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly hal­ky­myz üçin dü­şüm­li, döw­let­li ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy. Ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi üçin asyl­ly iş­ler do­wam et­di­ril­di.

Ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan 2026-njy ýy­ly uly üs­tün­lik­ler we be­lent mak­sat­lar bi­len gar­şy­la­dy. 2025-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ýyl ýaz­gy­sy­na iň şöh­rat­ly ýyl­la­ryň bi­ri bo­lup gir­di. Dip­lo­ma­ti­ýa­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, dur­muş sy­ýa­sa­tyn­da, me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler ge­çen ýy­lyň mö­hüm gör­ke­zi­ji­le­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­me­gi ýur­du­my­zyň ga­za­nan ägirt uly üs­tün­lik­le­ri­ni, ýe­ten sep­git­le­ri­ni dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Bu şan­ly se­nä­niň baý­ram edil­ýän gün­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň aý­dyň ýo­ly» at­ly ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy bü­tin hal­ky­myz üçin toý sow­ga­dy bol­dy. Çün­ki bu eser­de Bi­ta­rap­ly­gyň ta­ry­hy esas­la­ry­na, hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da­ky der­wa­ýys­ly­gy­na fi­lo­so­fik, sy­ýa­sy, ah­lak, me­de­ni nuk­daý­na­zar­lar­dan gi­ňiş­le­ýin sel­jer­me be­ril­ýär.

2026-njy ýyl — Gün­do­gar mü­çe­na­ma­sy bo­ýun­ça ýyl­ky, ýag­ny be­dew ýy­ly. Bi­ziň be­dew­le­ri­miz hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­dyr, gym­mat­ly baý­ly­gy­dyr, be­ýik ösüş­le­ri­mi­ziň ny­şa­ny­dyr. «At — my­rat» diý­li­şi ýa­ly, tä­ze ýyl bag­ty­ýar hal­ky­my­zy mak­sat-my­ra­dy­na ýe­ti­rer. Türk­men hal­ky üçin 2026-njy ýyl aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu ýyl­da eziz Wa­ta­ny­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy­ny baý­ram eder. Türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyn­da hem-de öz­baş­dak ösüş ýo­lun­da be­dew at mil­le­ti­mi­ziň ynam­dar we yg­ty­bar­ly ýol­da­şy hök­mün­de aý­ra­tyn orun tut­ýar.

Aja­ýyp tä­ze­lik­ler, buý­sanç­ly wa­ka­lar bi­ziň güý­jü­mi­ze-güýç go­şup, gö­wün­le­ri­mi­zi joş­dur­ýar. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» diý­lip at­lan­dy­ry­lan tä­ze — 2026-njy ýyl­da hem be­ýik iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­ler, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz dün­ýä ýa­ýy­lar. Ga­dam ba­san ýy­ly­myz her bir oja­ga mä­hir-mu­hab­bet, sag­lyk, rys­gal-be­re­ket ge­tir­sin!

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Akbäbek GURBANGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymcylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň "Mekdebe çenli bilim we terbiýe" (bakalawr) hünariniň 111-nji toparynyň 1-nji ýyl talyby.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.