Döwrüň saglyk sahawaty
22-12-25
Saglyk — ynsan üçin iň gymmatly baýlyk. Durmuşyň hözirini görüp, emin-erkana ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek üçin ynsana, ilkinji nobatda, jan saglyk gerek. Filosofiýanyň ägirdi Platonyň sözi bilen aýtsak, saglyk hemme zat däl, emma hemme zat saglyksyz hiç zat. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bagly tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.
Ata Watanymyzda adam hakyndaky alada esasy orunda goýlup, onuň saglygynyň ygtybarly goralmagy üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýşy ösdürmäge, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda alnyp barylýan köptaraply işleriň täze derejä çykmagy bolsa aýratyn buýsançly ýagdaýdyr.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler dowamly häsiýete eýe bolup, täze hassahanalary, bejeriş-sagaldyş edaralaryny gurmaga, olary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alsak, düýn paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsanyň baş baýlygynyň — saglygynyň mäkäm goraglylygy ugrunda uly alada edilýändigini görkezdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 8-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabaralary uly ruhubelentlige beslendi.
«Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babatda ýokary ölçeglere, milli äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary işlenip düzülende, dünýäde gazanylan oňyn tejribeler, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalary işjeň ulanylýar. Şol bir wagtda taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ýaşlary bu işlere çekmäge uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa saglygy goraýyş maksatly binalaryň halkara hil ölçeglerine we talaplaryna doly laýyk gelmegini şertlendirýär.
Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr». Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyz Aşgabat we sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk amallaryny geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça oňyn üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemelidiris. Täze taryhy eýýamda Aşgabat şäherindäki Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi we köpugurly hassahana, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahana we onkologiýa hassahanasy hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralary ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge gönüden-göni ýardam berýär. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny täze derejelere çykarar. Gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýän Aşgabatdaky Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Stomatologiýa merkezi, şeýle hem «Arçman» şypahanasyndaky täze goşmaça binalar toplumy milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirer.
Bilşimiz ýaly, biz halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, onuň gadyryny bilmek babatda asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşaýarys. Mähriban Diýarymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak maksady bilen gurulýan binalardyr desgalaryň üsti ýetirilip durulýar. Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, köpugurly hassahanalaryň, şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi, olarda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, keselleriň döremeginiň öňüni almaga ýardam berýär. Munuň özi ýurdumyzda halk we onuň abadan hem sagdyn durmuşy barada edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr.
Goý, ata Watanymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, berkitmek, oňat dynç almagyny üpjün etmek ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Agamyrat ÖWEZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Epidemiologiýa kafedrasynyň müdiri.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.