SANLY YKDYSADYÝET — ARAGATNAŞYK ULGAMYNYŇ ÖSÜŞ UGRY

20-12-24

Tehnologik ulgamyň dünýä ýüzünde kosmik tizlik bilen ösýän döwründe ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça strategik ähmiýetli wajyp wezipeler kesgitlenýär. Şunuň ýaly esasy wezipeleriň hatarynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sanly ykdysadyýete geçirmek bilen baglanyşykly öňde goýan wezipelerini iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. Mälim bolşy ýaly, konsepsiýada jemgyýetimiziň ähli düzümlerini sanlylaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen işleri üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şol esasda hem häzir ähli ulgamlaryň işini sanlylaşdyrmak meselesi döwrümiziň esasy mowzuklarynyň biri hökmünde ör-boýuna galýar.

Sanly ykdysadyýetiň hereket etmegi jemgyýetiň, işewürligiň we hökümetiň bir wagtda sanlylaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şu jähetden, sanly ykdysadyýetiň ösüşi oňa gatnaşyjylaryň özara hyzmatdaşlygynyň ähli derejelerinde sanly gatnaşyklary ýola goýmak işiniň çaltlandyrylmagy bilen bagly bolup durýar. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek — sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz meselelerdir.

Bu iş ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda hem ýokary depginde alnyp barylýar. Aslynda, bu ulgamlaryň işinde sanly ykdysadyýete geçmek baradaky pikiri durmuşa ornaşdyrmak has-da möhümdir. Çünki, degişli ulgamlaryň işiniň dünýä tejribesi esasynda ösmeginden başgaça esasda göz öňüne getirmek mümkin däldir. Bu aýratyn hem aragatnaşyk ulgamynyň mysalynda şeýledir. Aragatnaşyk ulgamyndaky işleriň kämilleşdirilmegini döwür, adamlar, hemmetaraplaýyn ösüşiň özi talap edýär. Şonuň üçin hem bu ulgamyň işi häzir bar bolan mümkinçilikler esasynda görnetin ýokarlandy. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde sanly ulgama geçmek ädimleri batly depginde dowam edýär. Muňa raýatlarymyzyň elektron hyzmatlardan peýdalanmagyny, dürli ulgamlar bilen baglylykdaky gatnaşyklarynda internet arkaly töleg, resmileşdirme, aragatnaşyk hyzmatlary ýaly mümkinçilikleri ulanmaklaryny mysal getirmek bolar.

Degişli mowzukda gürrüň edilende, aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmeginiň baş şerti bolup durýan sanly ykdysadyýet başlangyçlary tutuş bir dolandyryş esasy emele getirýär. Çünki aragatnaşygyň dürli şahalaryndan mysal alsak, sanly dolandyryş esasynda, kompýuterler ýa-da mobil telefonlary arkaly dürli hili hyzmatlardan peýdalanyp bolýanlygy ýa-da gerekli maglumatlary almak, tölegleri islendik ýerde internete baglylykda amala aşyrmak şertleriniň bolmagy sanly ulgama doly derejede geçilýänliginiň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň giň aragatnaşyk ulgamy bolan «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ulgamynda, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hyzmatlar çäginde we aragatnaşygyň beýleki ugurlarynda elektron hyzmatlary ulanmak eýýäm adamlaryň gündelik endigine öwrüldi. Aragatnaşyk kärhanalarynyň hödürleýän hyzmatlaryndan olaryň resmi saýtlaryndaky degişli girizilen bölümler esasynda peýdalanyp bolýar. Mysal üçin, «Töleg» programmasy esasynda adamlara öýjükli telefonlaryndaky şahsy hasaplaryny doldurmak, onlaýn sargytlar esasynda «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hyzmatlaryndan, şeýle-de aragatnaşyk esasly hyzmatlar mümkinçiliginiň çäginde «Onlaýn çapar» we «Internet dükan» ýaly hödürlenýän hyzmatlary ulanmak mümkinçilikleri bardyr. Mundan başga-da, aragatnaşygyň dürli pudaklarynda sanly ulgam esasynda durmuşa ornaşdyrylýan işlere köp mysallary getirmek bolar.

Günsaýyn özgerýän, sanly ykdysadyýetiň baş ugry, onuň bilen berk baglanyşykly bolup durýan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň «Aragatnaşyk hakynda» Kanunyna esaslanmak bilen, halkymyza hödürleýän hyzmatlarynda seljermeleri geçirýärler we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini esasy orunda goýýarlar. Kanuny esasda, milli Liderimiziň sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky talaplaryndan ugur alyp, täze hyzmatlaryň onlarçasyny hödürleýärler. Muny bolsa degişli ulgamyň dürli pudagynda görmek bolýar. Bu iş tehniki taýdan hem, üpjünçilik taýdan hem umumy alnyp barylýan işleriň görnetin ýeňilleşmegi üçin möhümdir. Şonuň üçin hem sanlylaşdyrmak işleri raýatlaryň gündelik durmuşynda aragatnaşyk maksatlary bilen ulanýan hyzmatlarynyň mümkinçilikleri nazara alnyp ýerine ýetirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köp işleriň kompýuterler ýa-da öýjükli telefonlar arkaly amal edilmegi ýola goýuldy. Adamlar aragatnaşyk ulgamyndan özlerine gerek bolan hyzmatlar üçin ýörite kärhanalara barmazdan işlerini amala aşyryp bilýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň elektron esasda dolandyrylmagy ugrunda öňe sürýän pikirleri bu gün amalyýetde öz miwelerini berýär. Eýýäm halkymyz elektron esasly ulgamlara, edara-kärhanalaryň ýola goýýan işlerine we durmuş maksatly ugurlaryň hödürleýän hyzmatlaryna düşünýärler. Häzirki zaman, internet arkaly geçirilýän işler günsaýyn kämilleşdirilýär. Muny bolsa dünýä tejribesi talap edýär.

Dünýädäki ulgamlar barha güýçli depginde ösýär, özgerýär. Bu ösüşleriň durmuşa geçirilmegi adamzat ýaşaýşynda täzeçe ýeňillikleri döretmegi maksat edinýär. Adamlaryň gündelik durmuş üpjünçilikleriniň esasylarynyň biri bolup çykyş edýän aragatnaşyk ulgamy hem döwrüň özgertmeleri, onda-da dünýäniň innowasion ösüşleri bilen aýakdaş gidýär.

Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Guwanç GUWANJOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologiki fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy: Merjen SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16a0ff4fb2adb5.jpeg
“Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi” awtomobil ýoly gündelik 14 müň awtoulaga hyzmat eder

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň çäginde gurulýan “Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi” awtomobil ýoly sagatda 580, bir gije-gündizde bolsa 14 müň awtoulaga hyzmat eder. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.


16a0ff39c594e9.jpeg
Türkmenistan bilen “OpenAI” bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak meselelerine garady

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti “Education World Forum 2026” Bütindünýä bilim forumyna gatnaşmak üçin Londona amala aşyran iş saparynyň dowamynda “OpenAI” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň çäklerinde ýurduň bilim ulgamynda emeli aňy (EA) ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.


16a0ea722665ef.jpeg
Türkmenistanda sanly ykdysadyýet ulgamyndaky kanunçylyk kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Mejlisi sanly ykdysadyýet ulgamynda kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär. Bu barada Aşgabatda geçirilen Jenaýatçylyklyk ýol bilen alnan girdejileriniň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlamentarileriniň V forumynda çykyş eden Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Batyr Baýlyýew mälim etdi.


16a0ea11f5b12e.jpeg
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi

Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde BMG-niň Ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) gatnaşyjy ýurtlary üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda multimodal maglumatlaryň we resminamalaryň alyş-çalşygyny sanlylaşdyrmak hem-de BMG-niň ülňülerine laýyk getirmek boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi.


16a0e91d96131a.jpeg
«Artyk» hem-de «Garabogaz» gümrük nokatlary döwrebaplaşdyryldy

Ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň ugrundaky gümrük nokatlary döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda, tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Nobatdaky tapgyrda, «Artyk» we «Garabogaz» gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işleri tamamlandy. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.