Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany, olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny kabul etdi
23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
22-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrýan bu sapary döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady
19-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.