Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
168257e8771ca4.jpeg
6 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy.

1682579fb235b9.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekillerini kabul etdi

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi.

16825794244200.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi.

168242a8846813.jpeg
6 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolan «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine hem-de janköýerlerine GUTLAGY

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gazanylan bu uly üstünlik hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy. Siziň gazanan nobatdaky ýeňşiňiz bilen ýurdumyzyň halkara sport abraýy has hem belent derejelere çykýar.

16822d67ac3455.jpeg
6 aý ozal
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine we janköýerlerine

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan sport üstünligi — «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

16822d57281d90.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

1682178ee745c5.jpeg
6 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

9-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

168217e4996edb.jpeg
6 aý ozal
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, döredijiligiň ýoly bilen

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň okgunly ösüşini we özgertmeler kuwwatyny aýdyň görkezdi.

168217636861ee.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady we şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

1681d953dddccd.jpeg
7 aý ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.