Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
2024-nji ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän şu ýylyň ýanwar aýynda duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, söhbetdeşlikler, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki maslahatlar yzygiderli geçirildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda möhüm sebitara we ählumumy meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýän Garaşsyz Watanymyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.
Halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Watanymyzyň ösüş strategiýasynyň baş maksadydyr
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasaty halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýän milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň öňünde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleri dowam etdirmek, döwrebap önümçilik düzümlerini giňeltmek boýunça möhüm wezipeler durýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Ýaşulularyň göreldesi — ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemegiň binýady
31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.