Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy döwlet syýasatynyň baş maksadydyr
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we duşuşyk geçirdi
4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we bu ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
4-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe ýurduň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäreler giň gerime eýe bolýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.