Habarlar
Habarlar
Türkmenistan maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmaga we wirtual aktiwleri düzgünleşdirmäge taýýarlanýar
23-nji maýda, anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aragatnaşykçy ýaşlaryň arasynda «Öz hünäriniň ussady» atly bäsleşik geçirildi
Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek we kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň ýaş hünärmenleriniň arasynda «Öz hünäriniň ussady» atly bäsleşik geçirildi. Täze belent maksatlara ruhlanan aragatnaşykçy hünärmenler üç şert boýunça bäsleşdiler. Olar:
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.
Halkymyzyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň wajyp ugry
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döredijilikli ýoly üstünlikli dowam etdirýän, ýurdumyzy ösüşleriň belent sepgitlerine tarap alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmelerinde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanda «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi
25-nji maýda Türkmenistanda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. «Soňky jaň» dabarasy orta mekdebi tamamlaýan oglan-gyzlaryň durmuşynda iň ýakymly we tolgundyryjy pursatlaryň biridir.
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ajaýyp öwüşgin çaýýan hem-de bagtyýar ýaşlarymyzy süýji arzuwlara, ýakymly duýgulara besleýän «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.
Azerbaýjanda täze howa menziliniň açylyş dabarasy boldy
Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk gününde Laçin etrabynda gurlan halkara howa menziliniň açylyş dabarays geçirildi. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşdylar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.