Habarlar
Habarlar
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Koreýanyň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji işewürlik sammitinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa bilen Koreýanyň arasynda durnukly ulag geçelgelerini we logistika arabaglanyşygyny ösdürmäge işewür toparlary işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Aşgabatda “C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma” atly seminar geçirildi
Aşgabatda 2026-njy ýylyň 15–16-njy sentýabr aralygynda emeli aňyň, sanly tehnologiýalaryň, kiberhowpsuzlygyň we häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösdürilmegine bagyşlanan “C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma” atly seminar geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň, ugurdaş halkara kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17-nji sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär.
Türkmenistanyň Prezidentine Koreýanyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi
16-njy sentýabrda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Songýungwan uniwersitetine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy uniwersitetiň ýolbaşçysy Ýu Ji Bom mähirli garşylady.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp, şu gün Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistan durnukly ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy
Ýerewanda 14-15-nji sentýabrda durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de sebitara aragatnaşyklary berkitmäge bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu halkara çäre Ermenistanyň Daşary işler we halkara söwda ministrligi tarapyndan BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Ilkinji türkmen-koreý bilelikdäki kärhanasyny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy
Seulda ikitaraplaýyn tehnologik hyzmatdaşlygy berkitmegiň çäklerinde «Amatly çözgüt» hojalyk jemgyýeti bilen Günorta Koreýanyň «S&T System Inc.» kompaniýasynyň arasynda «Ýerli Tor» bilelikdäki kärhanasyny döretmek barada taryhy şertnama gol çekildi.
Türkmenistanda ykdysady-innowasion tehnologiyalaryň özgerişleriniň ýoly
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda illi bilim we ylym ulgamyny barha kämilleşdirmek, ykdysadyýetimizi diwersifkasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
“Arkadag” topary AFK Çempionlar ligasy-2 ýaryşyna ýeňiş bilen başlady
Aziýa yklymynyň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan AFK Çempionlar ligasy-2 ýaryşy badalga aldy. Bu halkara ýaryşda Türkmenistan döwletimize sebitiň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäheriniň adybir “Arkadag” topary wekilçilik edýär.
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamynda birnäçe resminamalara gol çekişdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary bilen koreý tarapynyň wekilleriniň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.