Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenen şu ýylyň sentýabr aýy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň oňyn daşary syýasy ugrunyň üstünliklerine hem-de öňdengörüjiligine şaýatlyk edýän wakalara baý boldy.
Aşgabatda ulag-logistika ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamagyň meselelerine seredilýär
13-nji oktýabrda Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň çäklerinde hünär başarnyklaryny ösdürmek meselesine bagyşlanan DARYA sebit maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aziýa ösüş banky bilen bilelikdäki başlangyçlar ara alyp maslahatlaşyldy
13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň baş direktory Lea Gutiýerresiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.
Ekologiýa abadançylygy we maýa goýumlar: Türkmenistanyň tejribesi halkara dialogynda tanyşdyryldy
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 12-13-nji oktýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň «SWITCH-Asia» maksatnamasynyň çäginde Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen «Işewürlik we innowasion telekeçilik arkaly sirkulýar ykdysadyýetiň, howanyň üýtgemeginiň we maýa goýumlaryň arasyndaky arabaglanyşygy giňeltmek» atly dördünji sebitara dialoga gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Türkmenistan media ulgamynyň sanly ösüşi boýunça tejribesini paýlaşdy
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Mongoliýanyň žurnalistlerini, mugallymlaryny, halkara bilermenlerini, döwlet edaralarynyň hem-de raýat jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemleýän bu ýyllyk çäre häzirki zaman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we sanly mediany döredijileriň öňünde durýan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.