Habarlar
Habarlar
16ad59ba2d9fa7.jpeg
2 hepde ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

16ad1ac65e731e.jpeg
2 hepde ozal
ABŞ-nyň Ilçisi Türkmenbaşy halkara deňiz portunda duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 14-nji oktyabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary bilen resmi duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň başynda diplomatik wekiliýetiň ýolbaşçysy görkezilen myhmanparazlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

16ad1a69c4312a.jpeg
2 hepde ozal
Baku şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

16ad1a4ff798c0.jpeg
2 hepde ozal
Türkmenistan Jakartada ÝUNESKO-nyň seminaryna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň ýady” maksatnamasynyň “Dokumental köpdürliligi giňeltmegiň mümkinçiligi” atly halkara okuw seminarynyň açylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

16ad06c2130a33.jpeg
3 hepde ozal
Hazaryň türkmen kenarynda 5G ykjam aragatnaşyk ulgamy işe girizildi

Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sebit we halkara derejesindäki möhüm çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde 7-9-njy oktýabry aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň  we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, şeýle hem Hazar ekologiýa sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi

16ad06a086026d.jpeg
3 hepde ozal
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi söwda, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşýar

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi.

16ad1a25b81694.jpeg
2 hepde ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.

16ad069809473d.png
3 hepde ozal
“Hazar Logistik” hytaý kompaniýasy bilen logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

“Hazar Logistik” hojalyk jemgyýeti Hytaýyň "Xian Zongheng Multimodal Transport Co., Ltd" kompaniýasynyň wekiliýeti bilen iş duşuşygyny geçirip, logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada kompaniýa çarşenbe güni özüniň sosial sahypasynda habar berdi.

16acf0213d2e15.jpeg
3 hepde ozal
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len, Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan giň ge­rim­li hyz­mat­daş­lyk stra­te­gi­ýa­sy­ny hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär hem-de se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de ynam­ly, jo­gap­kär­li hyz­mat­daş hök­mün­de öz ab­ra­ýy­ny bar­ha art­dyr­ýar.

16ad068599154f.png
3 hepde ozal
"Hazar Ýol" kompaniýasy Astana şäherinde geçirilýän "TransLogistica Kazakhstan" sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň "Hazar Ýol" hususy kärhanasy 2026-njy ýylyň 14–16-njy oktýabry aralygynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilýän 29-njy halkara "TransLogistica Kazakhstan 2026" sergisine gatnaşyp, Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyndaky mümkinçiliklerini tanyşdyrýar. Bu barada "TransLogistica Kazakhstan" sergisiniň resmi sahypasynda habar berilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.