Habarlar
Habarlar
16aded783b01df.jpeg
1 hepde ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

24-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň sazlaşygyndan binýat bolan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurluşygy dowam edýän desgalaryň şekil taslamalary, binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

16aded60a249bc.jpeg
1 hepde ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

23-nji oktýbarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

16adaf38202b16.jpeg
1 hepde ozal
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.

16adaf1dbbec33.jpeg
1 hepde ozal
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

16adaeb6b6756a.jpeg
1 hepde ozal
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

16adaeda75b0ea.jpeg
1 hepde ozal
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

16adae8832724f.jpeg
1 hepde ozal
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Sizi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

16ae17eacb46e7.jpeg
1 hepde ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

16ad84263950ce.jpeg
2 hepde ozal
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

16ad7049a7ec09.png
2 hepde ozal
Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 19-njy oktýabrda Samarkant şäherinde "C5+1" formatynda duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýumlaryny çekmek, ulag geçelgelerini ösdürmek we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.