Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyga bagyşlanan kitabynyň ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanda Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ulaglary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometre deň bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de gurluşygyny amala aşyrmak boýunça şertnamalary baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we doganlyk ýurduň halkyna Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
25-nji oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.