Habarlar
Habarlar
“Euronews”-yň wekiliýeti ýerli media serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň “Euronews” habarlar teleýaýlymynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşygy boldy. Pedro Wargas ýerli mediaplatformalar bilen hyzmatdaşlyk etmek we ýurduň medeni mirasy bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistana meýilleşdirýän sapary barada aýtdy diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
«Start» milli onlaýn ulgamy türkmen halkynyň hyzmatynda
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, tehnologiýanyň we durmuş şertleriniň özara gatnaşygyny has-da kämilleşdirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan ýola goýlan «Start» milli onlaýn hat habar alyş-çalyş ulgamynyň (messenger) ulanyjylaryň sany barha artýar.
Belarusly işewürler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm başlangyçlary durmuşa geçirýär. Şonuň esasynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze ösüş tapgyryna gadam basdy.
Türkmenistan Tähranda geçirilýän Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar
Türkmenistan 2025-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilýän III Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Gazagystanyň wekilleri hem gatnaşýarlar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň baş maksady
18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Aşgabatda Bitaraplyk zolagy dörediler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi.
Sanly hyzmatlaryň gerimi giňeýär
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi resmi web sahypasy (mlsp.gov.tm) arkaly giňişleýin sanly hyzmatlaryň ýola goýulandygyny habar berdi.
Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy geçiriler
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi dünýäniň dürli künjeginden telekeçileri, maýadarlary hem-de bilermenleri 2025-nji ýylyň 29-njy aprelinden 1-nji maýyna çenli Aşgabatda geçiriljek «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,9, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 104,8 göterime deň boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.