Habarlar
Habarlar
Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M.G.Atajanow), Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – S.A.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – A.Jahangiri), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – Z.A.Amanjolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýetiň başlygy – M.I.Petrakow) wekiliýetleri gatnaşdylar. Mejlise Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň başlygy M.I.Petrakow ýolbaşçylyk etdi.
Koreýa Respublikasyna syýahatlary meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlary üçin maglumat
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Koreýa Respublikasyna girmegi meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlary we ähli daşary ýurtly ýolagçylar üçin Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugynyň täze talaplary girizýändigi barada habar berdi. Bu baradaky maglumat awiadaşaýjynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Balkanabat halkara howa menzili daşary ýurtly awia kompaniýalaryň uçarlaryna tehniki gonmalary amala aşyrmaga mümkinçilik berer
Ýaňy-ýakynda açylan Balkanabat halkara howa menzili dürli howa gämilerine, hususan-da, “Wolga-Dnepr”, “Awiatrans” we “Awiastar-TU” ýaly rus awia kompaniýalaryň ýük uçarlaryna tehniki gonmalary amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Eýranyñ Gürgen şäherinde türkmen öndürijileriniñ harytlarynyñ sergisi açyldy
5-nji maýda Eýran Yslam Respublikasynyñ Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlarynyñ sergisi açyldy. Sergä Hasar, Täze aý, Balam, Owadan ülke, Bir kuwwat, Aýdyñ gijeler, Ýigit, Bars we beýlekiler ýaly türkmen kompaniýalarynyñ 50-si gatnaşýar.
Türkmenistan we ÝB howpsuzlyk meselelerini hem-de sebit başlangyçlaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow duşenbe güni ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa we “Hedaýa” Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-fransuz ykdysady forumyndaky çykyşy
Şu duşuşygy geçirýändigimize örän şatdyryn. Meniň forumdaky çykyşym üç ugurdan ybarat bolar: birinjisi, Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjisi geoykdysady ýagdaýy, üçünjisi bolsa bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseledir.
Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary
Ozal habar berlişi ýaly, 5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda möhüm duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikler geçirildi.
Sanly ykdysadyýet hereketde: «Bir penjire» ulgamy daşary söwdany nähili ýeňilleşdirýär
Türkmenistanda ornaşdyrylan «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamy ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete geçmegi ugrunda amala aşyrylýan esasy ädimleriň biridir. Bu taslama Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan halkara standartlara laýyklykda, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy ýaly halkara guramalaryň işjeň hyzmatdaşlygy bilen durmuşa geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.