Habarlar
Habarlar
Şu gün Aşgabatda Türkmenistan bilen Tailandyň futbol ýygyndylary duşuşar
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogynyň-2027-niň saýlama tapgyrynda Tailandyň ýygyndy toparynyň garşysyna ýaşyl köýnekçede çykyş eder. “D” toparçanyň ikinji tapgyry şu gün, 10-njy iýunda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar.
Innowasiýa hyzmatdaşy: “Aýdyň Gijeler” Türkmenistanyň ýokary tehnologiýaly üstünligiň ýolunda
Türkmenistanda täze elektron we sanly tehnologiýa senagaty çalt depginde ösdürilýär we “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti bu özgerişleriň öňde hataryndadyr. Ýokary tehnologiýaly önüm öndürmekde eýýäm özüni milli marka hökmünde görkezen bu kompaniýa, ýurtda tehnologiki ösüşi ep-esli çaltlaşdyrmagy wada berýän birnäçe strategiki halkara hyzmatdaşlyga girmek arkaly öz ornuny berkitdi.
Haj parzlaryny ýerine ýetirýän türkmen raýatlary Mekgede sadaka berdiler
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge we Medine şäherlerine haj parzlaryny ýerine ýetirmäge giden türkmen raýatlary Gurban baýramy günlerinde bu ýerde sadaka berdiler. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň duşenbe günindäki sanynda habar berilýär.
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenildi
Türkmenistanda külli yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri bolan ruhy bitewüligi, jebisligi we asylly maksatlary özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy giňden bellenildi
Söwda ulgamynyň ösdürilmegi — milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň möhüm şerti
Söwda we telekeçilik ulgamyny ösdürmek halkymyzyň durmuş abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, Diýarymyzyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky özgertmeler ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, bazar gatnaşyklarynyň ýokary netijelere beslenýändigini aýdyň görkezýär.
Milli raýat awiasiýasynyň şu ýylyň 5 aýy boýunça ýerine ýetiren hyzmatlarynyň ösüş depgini 120,5 göterime deň boldy
Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,3 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandy
2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 75-nji plenar mejlisinde Türkmenistan 2026–2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) agzalygyna saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.