Habarlar
Habarlar
Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty dabaralanýar
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy we onuň biodürlüligini goramak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha rowaçlanýar. Bu ugurda dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen möhüm hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.
Bilimli ýaşlar — Watanyň guwanjy
Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda ýurdumyzyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen mynasyp dowam etdirilýändigi bolsa bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar.
YLYM ULGAMYNDA DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER
Şöhratly taryhynda ylym, binagärlik, medeniýet babatda meşhurlyk gazanan türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da guwandyryjy ösüşleri bilen dünýäni haýrana goýýar. Bu buýsançly hakykat, ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ýokary göterilip, ylym-bilimiň barha rowaçlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň has-da gowulanyp, medeni-ruhy taýdan kämil ösüşleri gazanmagyň ýolunda aýgytly we ynamly ädimleri ädýändigine doly şaýatlyk edýär.
YLYM — YGTYBARLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY
Ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenip, biziň şu günlerimize gelip ýeten «Ylymly il ozar» diýen pähim häzirki döwrümizde ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Gurşunly kenek ýaly agramly, çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän bu parasatly aýtgy bagtyýarlyk zamanamyzda has-da döwrebap ýaňlanýar. Bu paýhasyň süňňünde ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar.
BILIM BERMEGIŇ HÄZIRKI ZAMAN USULLARY
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip düzülen we tassyklanan Milli maksatnamalaryň çäginde giň gerimli geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler halkymyzyň bagtyýarlyk döwrüne bolan buýsanjyny artdyrdy, ynamyny, agzybirligini has-da pugtalandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ony has-da kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň çäginde ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işine aýratyn ähmiýet berilýär.
SANLY BILIM ULGAMY — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaşlara hünär öwredilişini dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejä çykarmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan bilim syýasatynyň we düýpli bilim özgertmeleriniň netijesinde milli bilim ulgamy güýçli depginler bilen ösdürilýär, ýaş nesle bilim-terbiýe bermek we hünär öwretmek işi barha kämilleşýär.
Il saglygy – ýurt baýlygy
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
Halkyň saglygy – jemgyýetiň we döwletiň gymmatlygy
Hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar.
Sagdynlyk — ýurduň kuwwaty
Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady güýji halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz boýunça durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar eziz Watanymyzyň ilatynyň saglygyny ählitaraplaýyn goramaga, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär.
Gök önümleriň saglyga peýdasy
Her bir ynsanyň iň uly islegi sagdyn ýaşamakdyr. Soňky ýyllarda sagdyn durmuşy nädip üpjün edip boljakdygy we adam ömrüni nädip uzaltmalydygy barada köp gözleg işleri geçirildi. Şonda dogry iýmitlenmegiň, zyýanly iýmitlerden daşda durmagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygy ýüze çykaryldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.