Habarlar
Habarlar
168d52889abf95.jpeg
5 aý ozal
Garaşsyzlyk — Watanymyzyň baş baýramy

Ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uly dabaralar bilen toýlanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramy ýetip geldi. Bu baýramçylyk mähriban halkymyzyň erkinliginiň hem-de abadançylygynyň baýramydyr. Garaşsyzlyk türkmeniň bagtynyň hem ruhunyň belentliklerden-belentliklere göterilmegidir, abraý-mertebesiniň dabaralanmasydyr.

168d520754c4ff.jpeg
5 aý ozal
GARAŞSYZLYGYMYZ – KÖŇÜL BUÝSANJYMYZ

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan ösýän döwletleriň hatarynda dünýäde giňden ykrar edilýär.

168d51fa2d95b7.jpeg
5 aý ozal
Garaşsyzlyk – milletiň erkinlik hem parahatlyk mukamy

Bu gün Türkmenistan Watanymyz ýurduň ykdysady ösüş derejesini kesgitleýän häsiýet boýunça dünýä ýurtlarynyň sanawynda mynasyp orny eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe sary barýar. Mundan 34 ýyl ozal özbaşdaklygyny jar eden we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan eziz Diýarymyz häzirki günlerde şan-şöhrata beslenýär.

168d51e8d48bee.jpeg
5 aý ozal
Garaşsyzlyk — ganatym, hemişelik Bitaraplyk — päk bagtym

Şanly Garaşsyzlygymyzyň nurana baýdagynyň astynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Çekilýän döredijilikli zähmetiň netijesinde ata Watanymyz jenneti mekana öwrülip, mähriban topragymyz gülläp ösýän künjege öwrülýär. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýetilen sepgitlere buýsanyp, täze ösüşlere sary ynamly gadam goýýar.

168d51af84001e.jpeg
5 aý ozal
Garaşsyzlyk - türkmen halkynyň bagty

Garaşsyzlyk sözi «Bagt, Bagtyýarlyk, Berkararlyk» diýen düşünjeleri öz içine alýar. Eýsem, Garaşsyzlyk bagty nämedir? Bagtlylygyň uly borçdugyny bilýärmisiňiz?! Bagtyň nämedigine düşünmek oňa barýan ýoly öwrenmekdedir. Şu günüňe buýsanç geçmişiňi bilmekden başlanýar. Özüňi tanamak üçin aslyňa göz aýlamak gerek. Garaşsyzlyk biz üçin bihasap bar eçildi. Bu sansyz nygmatly, bagtly günleriň gadyryny bilmek biziň borjumyz. Atalaryň alyn derinden dörän durmuşa düşünmek perzentlik parzymyzdyr.

168d4cc8b71c08.jpeg
5 aý ozal
Bagtyýar ýaşlarymyz Garaşsyz Watanymyzyň geljegidir

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, zehinli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri dowam etdirilip, olar mazmun taýdan has-da baýlaşdy.

168d4cb3dbb80e.jpeg
5 aý ozal
GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ BILIM ÖZGERTMELERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary ahlak sypatly, watansöýüji, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, bazar hojalygynyň we demokratik döwletiň talaplaryna laýyk gelýän ýaş nesilleri kemala getirmek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzda ileri tutulýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

168d4ca44a01a3.jpeg
5 aý ozal
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllary

Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy we mähriban halkymyzy röwşen geljege, belent sepgitlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň baky berkararlygynyň hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň mizemez kepili bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenip bellenilýär.

168d274230a1c1.jpeg
2 aý ozal
MILLI YKDYSADYÝETIMIZ KÄMILLIGIŇ ÝOLUNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ynamly ösüş ýoluny dowam etdirýär. Döwletimizde birnäçe il-ýurt bähbitli maksatnamalar kabul edilýär we olaryň kanunçylyk binýady barha berkidilýär.

168d134c83af95.jpeg
6 aý ozal
Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýik ösüşlerinden, üstünliklerinden ylham alýan mähriban halkymyz agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýy barha golaýlaýan baş baýramymyz mynasybetli ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda hem joşgunly baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.