Habarlar
Habarlar
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi
Rus Lideri Aşgabatda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar.
Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi açyldy
Çarşenbe güni Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
Düýn paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildi halkymyza sowgat berildi
9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren duşuşyklary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mongoliýanyň Prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy
Her ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden baýram etmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu şanly sene mynasybetli birnäçe iri çäreler geçirilýär. Şu gün paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary şol esasy çäreleriň biri boldy.
Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary başlandy
Düýn Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ilkinji döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu şanly waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki gyrasynda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglanjyk we gyzjagaz Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha duz-çörek hödürlediler, gül dessesini gowşurdylar.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) bilelikde gurnamagynda geçirilen okuw maslahaty
Ýakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) bilelikde gurnamagynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň “Deňiz” myhmanhanasynda geçirilen okuw maslahaty geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu gününde ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolýarys. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.
Paýtagtymyzda №18, №32 we №46 awtobus ugurlary 9-njy oktýabrdan üýtgär
Awtobus hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak we ilatyň ýol ulagyndaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabryndan Aşgabatda aşakdaky görkezilen belgili awtobuslaryň ugurlary üýtgär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.