Habarlar
Habarlar
«EXPO – 2025» Bütindünýä sergisine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Isikawa Masakiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ýokary tehnologiýalar milli bilim ulgamynyň hyzmatynda
Orta mekdepleriň häzirki zaman sanly dolandyryş ulgamy bolan «eMekdep» platformasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizildi. Häzirki ýokary tehnologiýalaryň bütin dünýäde giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim işini yzygiderli sanlylaşdyrmaga gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda anyk kesgitlenen wezipelere laýyklykda, 2021-nji ýylda hünärmenler «elektron mekdep» taslamasyny işläp taýýarlamaga girişdiler.
Arkadag şäherinde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine we ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi
Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde «Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi we milli Liderimiziň ylhamy – döwletliligiň dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi.
Aragatnaşykçylaryň "Altyn Asyr" futbol topary "Al-Haldiýa" bilen duşuşar
Şu gün "Altyn Asyr" futbol kluby Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK-2) Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynda Bahreýniň "Al-Haldiýa" topary bilen geçiriljek duşuşygyna janköýerler üçin mugt giriş boljakdygyny yglan etdi. Duşuşyk 19:00-da "Aşgabat" stadionynda geçiriler.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri OTIF guramasynyň Baş assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdylar
«Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri OTIF — Halkara demir ýol ulaglarynda gatnawlar boýunça hökümetara guramasynyň Baş assambleýasynyň 16-njy sessiýasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna ilkinji gezek gatnaşdylar.
Türkmen wekiliýeti «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy
30-njy sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) tarapyndan guralan «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy.
Türkmenistan işewürlik we maýa goýum üçin täze ýollary açýar
2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabr aralygynda Abu-Dabide türkmen we daşary ýurtly işewürler üçin möhüm halkara çäresi, ýagny “Türkmenistanyň söwda, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky Ählumumy maslahat” geçiriler. Maslahat Grand Hyatt Abu Dhabi Emirates Pearl myhmanhanasynda hökümet edaralarynyň we işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnar.
Astrahan Türkmenistanyň logistika merkezi üçin 20 gektar ýer bölüp berdi
Astrahan oblastynyň Hökümeti “Lotos” aýratyn ykdysady port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini ýerleşdirmek üçin 20 gektar ýer bölegini taýýarlady diýip, sebitiň gubernatorynyň orunbasary we Hökümetiniň başlygy Denis Afanasýew mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Aşgabat “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” halkara maslahatyny, sergisini geçirer
2024-nji ýylyň 3 – 5-nji noýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” atly halkara maslahaty we sergisi (CIET-2024) geçiriler. Bu barada çäreleri guraýjylaryň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmen kompaniýalary Astanada geçiriljek «TransLogistica Kazakhstan—2024» sergisine gatnaşarlar
2024-nji ýylyň 9-11-nji oktýabry aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda «Ulag we Logistika» — «TransLogistica Kazakhstan—2024» halkara sergisi geçiriler. Bu çäre EXPO Halkara sergi merkezinde bolar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.